24nji aprelde ýurdumyzda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli ýurdumyzyň teatrlarynda täze sahnalaşdyrylan spektakllaryň ilkinji görkezilişiniň üçgünlügi öz işine başlady.Onuň çäklerinde ähli teatrlaryň sahnalarynda ahalteke bedewine bagyşlanan sahna oýunlary görkeziler.
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynyň döredijilik topary Baba Annanowyň Ak at atly pýesasyny sahnalaşdyrdy.Türkmenistanyň halk artisti Baba Annanowy türkmen kinotomaşaçylary Aýgytly ädim filmindäki Artygyň keşbinde tanaýarlar.
Indi bolsa Baba Annanowy dramaturg hökmünde tanamaga mümkinçilik döredi.Ak at pýesasyna onuň şahsy durmuşyndan alnan wakalar hem girizildi. 14 ýaşly ýetginjek wagty ol paýtagtyň golaýynda ýaşaýan ýaşaýjy hökmünde Aşgabat ýer titremesini başdan geçirýär.
Soňra Daşkent şäheriniň teatr we sungat institutynda okaýar.Spektakldaky esasy gahrymanlaryň biri bolan Nazyra hem şol institutda mugallymçylyk edipdir.Spektaklyň ilkinji sahnasyndan başlap tebigy betbagtçylygyň elhençligi görkezilýär: tomaşaçylaryň gözüniň öňünde jaýlaryň diwarlary ýykylýar we olaryň astynda adamlar heläk bolýar. Ýer titremesinde Jemalyň adamsy aradan çykýar, üç aýlyk ogly bolsa gudrat bilen diri galyp, Daşkende iberilýär we ol ýerde özbek zenany tarapyndan ogullyga alynýar.
Gaýgy-gussadan ýadyny ýitiren Jemal bolsa hassahana düşýär.Spektaklyň sahna bezegine aýratyn baha bermek gerek.Režissýor Mekan Jumabaýew we sahna bezegçisi Güljemal Saparowa iki enäniň hem ruhy ýagdaýyny görkezmek üçin ähli serişdeleri ulandylar.
Sahnanyň bir tarapynda özbek zenanynyň üç sany köýnegi, beýleki tarapynda bolsa türkmen zenanynyň üç sany köýnegi ýerleşdirilip, iki halkyň medeniýetleriniň meňzeşligini, ýöne tapawutly taraplaryny açyp görkezýär.Sahnanyň ýokarsynda çemodan asylyp dur bu Jemalyň ogluny gözlän wagtyndaky uzak ýolagçylygyň nyşanydyr.
Nazyranyň otagynda bolsa onuň ogullyga alan oglunyň ulalşyny görkezýän suratlar ýerleşdirilipdir.Sahnanyň bezeginde yşyklandyryş hem möhümdir.Yşyk çeşmesi sahnanyň gapdalyndan ýerleşdirilip, iki zenanyň hem aladaly ýagdaýyny görkezýär.
Nazyra Jemaldan oglunyň aýratyn alamatlaryny ýatlamagy haýyş edýär, Jemal bolsa adamsynyň ýaňy doglan çaganyň boýnuna dakan ak at şekilli tumary barada gürrüň berýär.Nazyra göz ýaşlaryny döküp şol tumary Jemala berýär.
Jedeller peýdasyzdyr Alyşer hakykatdan hem Jemalyň ogly.Muny ak at subut edýär.Emma Nazyra näme etmeli?Ol çykalga tapman, umytsyzlykda oglunyň suratlaryna topulýar.Iki enäniň haýsysynyň ogla hukugy bar?
Spektakl bu soraga anyk jogap bermeýär, her tomaşaça bu ýagdaýdan çykalga tapmagy özüne goýýar.Eneleriň keşplerini Türkmenistanyň at gazanan artisti Maýagül Annaýewa we Türkmenistanyň halk artisti Gülälek Akmyradowa ýokary derejede ýerine ýetirdiler biri öz gaýgysyny sabyrly, mertebeli başdan geçirýän türkmen zenany, beýlekisi bolsa ogullyga alan oglundan aýrylmak islemeýän duýgur özbek zenany.
Ak at spektakly, gürrüňsiz, Baba Annanowyň dramaturgiýasy, režissýor Mekan Jumabaýewiň ussatlygy we aktýorlaryň zehini netijesinde Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli ýurdumyzyň teatrlarynda täze sahnalaşdyrylan spektakllaryň ilkinji görkezilişiniň üçgünlüginde görkezilen iň gowy işleriň biridir.
