Aşgabatdaly Garaşsyzlyk şaýoly (ozalky Sowet köçesi) iýun aýyndan bäri transport üçin ýapyk.
“Türkmenistanyň Hronikasynyň” habarçylarynyň habar bermeklerine görä, paýtagtyň esasy köçeleriniň biriniň, prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Oguzgan” köşgüne işe gatnaýan ýolunyň ugrundan ýagyş suwlaryny çeker ýaly kanalizasiýa gurýarlar.
Plana laýyklykda, bu iş awgust aýynda tamam bolmaly.
Bu ýoluň boýunda ýerleşýän ýaşaýyş jaýlarynyň ýaşaýjylary, kafeleriň we dükanlaryň eýeleri örän nägile.Satyjylar müşderi bolmazlygyndan we gündelik girdejileriniň düýpli peselmeginden şikaýat etseler, ýaşaýyş jaýlarynyň eýeleri öýden işe, işden öý gelmek üçin golaýdaky duralga barmak üçin uly aralygy geçmeli bolýandyklaryndan zeýrenýärler.
Belleýäris, şu günler Aşgabatda howanyň gyzgyny +45 gradusa çenli ýokary galýar.
TH-nyň habarçylarynyň bellemeklerine görä, ýerli ýaşaýjylaryň köpüsi häkimiýetler barada örän negatiw sözleri aýdýarlar, ozal beýle zat ýokdy.
“Prezident näme üçin edilen işi kabul edende hemme zatdan beter mermer erňeklere we çyraly sütünlere köp üns berýär, suw çekiji ulgamy bolsa unudýar? Eger onuň özi bu zatlary bilmeýän bolsa, hünärmenler näme üçin hiç zat aýtmaýarlar? Diňe telewideniýede görkezmek üçin başdansowma edilen işler!” diýip, geçip barýanlaryň biri gaharyny daşyna çykardy.
Şol bir wagtda paýtagt häkimiýetleri “protokol” köçelerinde, Parahat-7 ýaşaýyş etrapçasyndaky Baba Annanow köçesiniň ugrunda suw çekiji gurýarlar.
Bu ýerde eýýäm bir aý bäri agyr tehnika işledilýär, ozal sil suwlarynyň akan jaryny gömýärler.Jary näme üçin gömeýärler, muny anyklamak başartmady.
Bir ýyldan gowrak ozal Parahat-4 etrapçasynyň golaýynda hem jar kömüldi. Onuň ornunda tölegli awtoduralga guruldy.
15-nji maýda Aşgabatda çabgaly ýagyş ýagdy. “Protokal köçeleri” diýilýänler, prezident kerweniniň gündelik işe gatnaýan ýoly suwdan dolup akdy. dolduryp akdy.
АНТ, Türkmenistanyň Alternatiw habarlary saýtynyň maglumatlaryna görä, şol döwürde şäheriň birnäçe etrabyny dagdan inen sil basdy.
Döwlet baştutany sil gelenden iki gün soň goranmak ministriniň adatdan daşary ýagdaýlar boýunça orunbasaryny işden boşatdy, gurluşyga jogapkar ministre we emeldarlara käýinç yglan etdi.
7-nji iýunda prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa uly möçberdäki ýagyş suwlaryny prospektlerden we Aşgabadyň köçelerinden sowmak boýunça iş plan hödürlendi.
2017-nji ýylyň sentýabrynda prezidente tebigy jarlary sil suwlaryny çekiji hökmünde ulanmak taslamasy hödürlendi. Teklip tassyk edildi.
1 of 2
