Ykbalyny kino sungatyna bagyşlan halypa

Biz filmlere tomaşa edenimizde diňe şol filmiň ideýasy, temasy, dramaturgiýasy, dartgynly wakalary ýa-da gülküli sahnalary, şonuň ýaly-da aktýorlaryň özlerine ynanylan keşpleri janlandyryşlary bilen gyzyklanýarys.Emma şol filmleri döredýän toparyň alyp barýan işleri biz üçin düýbünden nätanyş bolup galýar.

Kinony dörediji topar birnäçe işgärden ybarat bolup, olaryň içinde filmi goýujy režissýor, kinorežissýor, şeýle-de filmiň gurnaýjysy (direktory) kadryň aňyrsynda galýar. Şeýle halypalaryň biri hem şol filmlerde zähmet çeken kino işgäri Amanmuhammet Döwletowdyr.

Amanmuhammet Döwletow 1943-nji ýylyň 15-nji aprelinde Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Mehinli obasynda dünýä inýär.Her bir ynsan ýetginjek wagty geljekde haýsy hünäre eýe bolmaly diýen pikire çümýär. Şeýle ýagdaý ýaşajyk Amany hem gurşap alýar.

Aman entek çagaka onuň kakasy frontdan gelýär. Şikesli kakasyny synlan Amanyň oňa nebsi agyryp öz ýanyndan: Menem lukman bolsam, ýaramaýan adamlara kömegim degse diýip, arzuw edipdir.Amanyň ýaşy ýetip harby gulluga gidýär.

Ony gulluk edýän bölüminden kiçi medisina işgärini taýýarlaýan ýedi aýlyk okuw mekdebine ugradýarlar.Aman muňa diýseň begenýär.Gökdäki dilegim ýerde gowuşdy diýip, özüniň lukman bolmaga höwesekdigini, dogumyny, gujur-gaýratyny görkezip, lukmana mahsus häsiýetleri bilen synagdan geçýär, okaýar, esgerlere lukmançylyk kömegini edýär.

Emma Aman entek mekdepde okap ýörkä, Moskwanyň M.Gorkiý adyndaky kinostudiýasynyň işgärleri Aşgabada gelip, Horaz atly filmi surata düşürip başlaýarlar.Filmiň režissýory filmiň baş gahrymanlarynyň biri Nazar atly boksçy ýigidiň keşbini janlandyrmaly oglany gözläp, paýtagtyň mekdeplerine aýlanyp çykýar we şol keşbi janlandyrmagy ýaşajyk Amana ynanýar.

Aman bu filmde ussat artistler Warwara Soşalskaýa we Leonid Reutow dagy bilen bilelikde çykyş edip, boksçy Nazaryň keşbini janlandyrýar. Şol filmden soň Aman kino sungatynyň özüne çekijiliginiň güýçlüdigine göz ýetirýär. Şol filmiň täsiri bilen Aman 1968-nji ýylda Türkmenfilm kinostudiýasyna barýar.

Amany derrew filmiň administratory edip, işe kabul edýärler.Soňra ol kinorežissýoryň assistenti, kinorežissýor, goýujy kinorežissýor we filmiň gurnaýjysy bolup işleýär. Şonuň ýaly-da, filmlerde aktýor hökmünde hem keşp janlandyrýar.

Geliň, indi Amanyň Türkmenfilm kinostudiýasyndaky döredijilikli ýoly hakynda durup geçeliň.M.Gorkiý adyndaky kinostudiýasynyň önümi bolan Horaz atly çeper filmdäki boksçy Nazaryň keşbini janlandyransoň, studiýanyň kinorežissýorlary Amana öz döredýän filmlerinde aktýor hökmünde-de keşp janlandyrmagy ynanyp başlaýarlar.

Olar halypa kinorežissýorlar hem aktýorlar Baba Annanow, Usman Saparow, Kakow Orazsähedow, Orazmyrat Gummadow, Aşyr Rahmanow, Oraz Orazow dagydyr.

Amanmuhammet Döwletow döredijilik işiniň dowamynda Söýmek gerek, Ýurt eýesi, Sähediň tomsy ýaly birnäçe çeper filmleriň gurnaýjysy (direktory) bolup hem işleýär.Aman aga Türkmenfilm kinostudiýasynda surata düşürilen Muňa durmuş diýerler atly çeper filmde goýujy kinorežissýoryň wezipesini ýerine ýetirip, bu filmiň şowly çykmagy üçin özüniň zehinini we yhlasyny siňdirýär.

Amanmuhammet Döwletow dramaturg hökmünde hem birnäçe kinossenariýalary ýazýar.Olardan Ýönekeý adamyň çylşyrymly ykbaly, Nusga gelinli ene, Kalplar badaşanda, Ata we ogul, Älem ýürek, Lebiz, Hajygolak atly ssenariýalaryny agzap geçse bolar.

Ýeri gelende, Amanmuhammet aganyň ýazan kinossenariýalarynyň içinde Lebiz hem-de Hajygolak atly ssenariýalary surata düşürilip, halk köpçüligine ýetirilendigini, şonuň ýaly-da Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň sungat ussatlary baradaky, ensiklopediýa kitabyna-da çykarylandygyny-da belläp geçmek ýerlikli bolsa gerek. Aman aga bilen söhbetdeş bolanymyzda ol pursatdan peýdalanyp şägirdi Oraz Orazowy ýatlap geçdi.

— Oraz bilen maňa ençeme filmlerde işleşmek miýesser etdi.Durmuş teatrdaky oýna meňzeýär.Möhüm zat onuň näçe wagt dowam etjegi däl-de, eýsem, näderejede gowy oýnalmagydyr. Şol derejedäki artist bolansoň Margiana kinostudiýasynda önümçilige goýberilen Zäherlenen söýgi atly çeper filmde baş keşpleriň birinde surata düşenden soň, Türkmenfilmiň ýolbaşçylary Orazy Moskwa şäherine kinorežussura ugrundan iki ýyllyk okuwa ugradýarlar. Şol okuwy tamamlap gelensoň men Oraz bilen işleşip başladym.

Oraz juda ýumşak adamdy. Ýola çyksaň ýoldaş, öýde syrdaş bolunýan adamlardandy.Men onuň bilen ençeme filmlerde egin-egne berip işleşdim.Olardan Mollanepes, Gedaý bagşy, Talyp durmuşy, Şaýly gelin, Muňa durmuş diýerler, Bugdaý sümmül bolanda, Serpaý ýaly ajaýyp filmler bar.

Halypa kino işgäri Amanmuhammet Döwletow ykbalyny kino sungatyna bagyşlamak bilen kinony dörediji toparyň dürli kärlerinde işläp, şu günki güne çenli öz ýiti zehini, ukyp-başarnygy, işjeňligi bilen ýaş kinoçylara görelde bolup gelýär.

Bir söz bilen aýdanymyzda ýaş kinoçylara Aman agadan öwrenere zat örän kän.Ol bütin durky bilen kino sungatyna berlen ynsan.Aman aga häzirki döredilýän filmlerde ýaşuly nesliň keşbini ussatlarça döredip gelýär.

Muňa mysal edip kinorežissýor Batyr Batyrowyň Hajygolak, ýaş kinorežissýor Zulfiýa Kadyrowanyň Ynsan syrdaşy, halypa kinorežissýor Sahysalyh Baýramowyň Gyzyl kürte atly filmindäki döreden ajaýyp keşplerini agzap geçse bolar.Bu keşpler kino muşdaklarymyz tarapyndan oňat garşy alyndy.

Aman aganyň döwletli maşgalasy bar.Ol maşgalasy Güljeren ýeňňemiz bilen 5 ogly terbiýeläp ýetişdiripdir.Olary ylymly-bilimli, hünärli adamlar edipdir.Olaryň içinde suratkeşem, sazandasam, ylmy işgärem bar. 11 agtygy, 4 çowlugy bolan Aman aga maşgalasy Güljeren ýeňňemiz bilen bagtly durmuşda ýaşaýar.

— Men pursatdan peýdalanyp medeniýet, sungat, teatr we kino işgärlerine uly sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize berk jan saglyk, uzak ömür, alyp barýan il-ýurt bähbitli işlerinde rowaçlyklary arzuw edýärin — diýip, segsen ýaşy arka atan Amanmuhammet Döwletow ýürek buýsanjyny beýan etdi.

Akmyrat Hojaberdiýew, kino sungatyny öwreniji.

Ýene degişli makalalar

Zehinli kinorežissýory ýatlap
25.09.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
30-njy ýanwarda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Ýewroparlamentiň agzalary lukman Ismatullaýewanyň tussag edilmeginiň ýyl dönüminde ony boşatmaga türkmen häkimiýetlerini çagyrýarlar