30-njy ýanwarda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal

30-njy ýanwarda Türkmenistanyň esasy habarlary  Turkmenportal

Türkmenistanyň Prezidenti welaýatlaryň häkimleri bilen iş maslahatyny geçirdi, Türkmenistan we Hytaý parlamentara hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirýärler we beýleki habarlar

Türkmenistanda 1.Prezident Serdar Berdimuhamedow obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda geçiren sanly ulgam arkaly iş maslahatynyň dowamynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy, şeýle hem ýazky ekiş möwsümine taýýarlyk görmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdy.

Iş maslahatynyň barşynda welaýatlaryň häkimleri sebitlerde ekiş möwsümine taýýarlyk görmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdiler.Bellenilişi ýaly, bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda degişli ideg işleri ýerine ýetirilýär.

Gowaça ekiljek meýdanlary, tehnikalary we tohumlyk çigitler ekiş möwsümine taýýarlamak işleri, şeýle hem beýleki gök-bakja ekinleriniň ýazky ekişine taýýarlyk işleri dowam edýär. 2.Mejlisiň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa Türkmenistana iş sapary bilen gelen Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komitetiniň Başlygynyň orunbasary Hao Minszin bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda taraplar soňky ýyllarda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, şol sanda Merkezi Aziýa — Hytaý görnüşinde, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerinde üstünlikli ösdürilýän döwletara dialogyň ýokary derejesiniň gazanylandygyny nygtadylar.Söhbetdeşler iki ýurduň hem deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan hyzmatdaşlyga täze itergi bermegi maksat edinýändigini tassykladylar. 3.

Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň we Türkmenistanyň kinematografiýaçylarynyň arasynda her ýylda geçirilýän 48 sagatda surata düşürmek atly gysga göwrümli filmleriň bäsleşigi üçin hasaba alyş başlandy.Gatnaşyjylar iki günüň içinde sýužet tapmaly, ony surata düşürmeli we film döretmeli bolarlar.

Bäsleşige hasaba alyş işleri 22-nji fewrala çenli dowam eder.Filmi surata düşüriş günleri 24-25-nji fewral aralygynda bolar.Saýlawyň netijelerine görä, iň gowy 48 iş saýlanyp alnar we eminler olaryň arasyndan dürli ugurlar boýunça ýeňijileri kesgitlärler.

Baş baýrak Nýu-Ýork kinoakademiýasynda bilim almak. 4.Türkmenistanyň Russiýadaky ilçisi Esen Aýdogdyýew Sankt-Peterburgda Leningradyň faşistik basybalyjylaryň gabawyndan doly azat edilmeginiň 80 ýyllygyna bagyşlanan çärelere gatnaşdy.Piskarewsk ýadygärlikler gonamçylygynda geçirilen hatyra çäresiniň dowamynda diplomat Leningrady azat etmek ugrundaky söweşlerde wepat bolan türkmenistanly gahrymanlaryň ýadygärligine gül çemenini goýdy. 5. Ýerewanda Türkmenistanyň ilçisi Muhammet Aýazow bilen Ermenistanyň Söwda-senagat edarasynyň wise-prezidenti Karen Iwanowyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda iki döwletiň arasyndakly söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini hem-de haryt dolanyşygyny ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.Ermenistanyň wekiliýetiniň 2024-nji ýylyň maýynda Aşgabat şäherinde geçiriljek azyk önümleriniň döwrebap tehnologiýalarynyň Agro-Pak Turkmenistan atly halkara sergisine gatnaşmagy meýilleşdirýändigi bellenildi.

Dünýäde

6.Mosfilm kinostudiýasy 100 ýylda çykan Sowet filmleriniň Absolýut öňdebaryjylar reýtingini çap etdi.Ses berişligiň netijelerine görä, Şowlulyk jentlmenleri (Джентльмены удачи) (1972) komediýasy iň gowy film diýlip ykrar edildi. Çykan ýylynda filme 65 million tomaşaçy tomaşa etdi.

Reýtingde ikinji orunda Leonid Gaýdaýyň Brilliant el (Бриллиантовая рука) (1968) komediýasy, üçünji ýerde bolsa Operasiýa Y we Şurigiň beýleki başdan geçirmeleri ýerleşdi. 7.Ilon Maskyň neýrotehnologiýa kompaniýasy Neuralink lukmançylyk ulgamynda täze sepgitlere ýol açdy. 28-nji ýanwarda ol adamyň beýnisine implanty üstünlikli ýerleşdirmegi başardy.

Operasiýa üstünlikli geçdi we näsag kynçylyksyz bejerilýär.Neuralink-iň Telepathy diýlip atlandyrylýan ilkinji önümi adamlara kompýuterlerini we telefonlaryny pikirleriniň kömegi bilen dolandyrmaga mümkinçilik berer.Ol, ilkinji nobatda, el-aýaklaryny dolandyrmak ukybyny ýitiren mümkinçiligi çäkli adamlar üçin niýetlenendir.

Sport habarlary 8.Germaniýanyň Transfermarkt statistika portaly Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň derwezebany Rahat Japarowy, ýarymgoragçy Mirza Beknazarowy we hüjümçi Şamämmet Hydyrowy Arkadag futbol toparynyň düzümine girizdi.Häzirki wagtda Arkadag toparynyň oýunçylary 4-nji martda Türkmenistanyň çempionaty başlamazdan ozal synag oýunlaryny oýnamak üçin Türkiýede türgenleşik ýygnanyşygyny geçýärler. Şeýle oýunlaryň biri 10-njy fewralda Dnepr-1 topary bilen geçiriler. 9.

Aşgabatda 20 ýaşa çenli küştçüleriň arasynda Türkmenistanyň çempionaty tamamlandy, onda Amanmuhammet Hommadow bilen Lala Şöhradowa özleriniň öňdebaryjy ukyplaryny tassykladylar. Ýaşlaryň arasyndaky çempionat ilkinji gezek küştüň birbada üç görnüşi rapid, nusgawy we blis görnüşleri boýunça geçirildi. Ýeňiji bolanlar 20 ýaşa çenli oglanlaryň we gyzlaryň arasynda dünýä we Aziýa çempionatlarynda Türkmenistana wekilçilik etmek hukugyny gazandylar. Ýaryşa 100-e golaý türgen gatnaşdy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Arkadag ýeňişli ýörişini 40 oýna ýetirdi
Ahmet Agamyradow futbol boýunça Aziýa kubogynyň saýlama tapgyryna gatnaşjak Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysynyň düzümini kesgitledi
Türkmenistanyň Prezidenti Garaşsyzlygyň merjen däneleri bäsleşiginde tapawutlanan aýdymçy çagalary sylaglady
TFF-niň kubogy: 7 golly açylyş duşuşygynda Energetik Altyn asyr II-den üstün çykdy
TFF-niň kubogy ― 2021: birinji günüň duşuşyklaryndan soň sanlar we maglumatlar