Yzly-yzyna çempion bolan ilkinji ýygyndy (Dünýä Kubogy 1938)

Kem-kemden tejribe toplaýan FIFA 1938-nji ýylda 3-nji Dünýä Kubogyny Fransiýada guraýar.Munuň üçin 1936-njy ýylyň 13-nji awgustynda Berlinde ýygnak geçiren FIFA Fransiýadyr Germaniýanyň we Argentinanyň arasyndan olaryň ilkinjisini saýlap alýar.

Muňa gahar eden Argentina bilen Urugwaý 3-nji gezekki bäsleşige gatnaşmakdan ýüz öwürýär. Çempion bilen ýer eýesiniň gönümel gatnaşan bäsleşiginde 15 topar özüni görkezýär (aslynda 16 bolmalydy).Sebäbi ýaryşa gatnaşmaga hukuk gazanan Awstriýanyň Germaniýanyň düzümine girmeginden soň, onuň ornuna çagyrylan Angliýa çykyş etmekden boýun gaçyrýar.

Saýlama tapgyryna 37 topar gatnaşyp, Günorta we Demirgazyk Amerika, şol sanda Aziýa yklymlarynyň hersinden 1, Ýewropadan hem 11 (ýer eýeleri bilen 12), jemi 15 ýygyndy 3-nji Dünýä Kubogyna wekilçilik edýär.

2 DUŞUŞYK GAÝTADAN OÝNALÝAR

Edil 4 ýyl öňki formatda geçiriliýär.Fransiýanyň 10 şäherinde (Antib, Bordo, Le Hawr, Marsel, Lill, Lion, Pariž, Reýms, Starsbur, Tuluza) geçirilen çempionatyň 1-nji tapgyrynda 7 duşuşyk oýnalýar (Şwesiýa duşuşyk geçirmeýär). Çempionatyň açylyş duşuşygy Parižde Germaniýa bilen Şweýsariýanyň arasynda bolup, oýun deňlikde gutarýar (1-1). 5 günden soň täzeden oýnalan oýunda şweýsarlar 4-2 hasabynda ýeňiş gazanýar.

Edil şonuň ýaly esasy we goşmaça wagty 3-3 hasabynda gutaran oýnuň gaýtalanan duşuşygynda Kuba Rumyniýany 2-1 hasabynda ýeňýär. 1-nji tapgyrda oýnalan 7 oýnuň 3-sinde goşmaça wagtdan, 2-sinde bolsa täzeden oýnalan oýundan soň ýeňiji kesgitlenýär.

Esasy wagty 4-4 gutaran BraziliýaPolşa duşuşygynda goşmaça wagtda Leonidasyň 2 goly yklymyň myhmanlaryna ýeňiş getirýär.Duşuşykda polşaly Ernest Wilimowski 4 gol geçirip, Dünýä Kubogynyň taryhynda 1 oýunda 4 gezek tapawutlanan ilkinji futbolçy bolýar.

Esasy wagty golsuz geçen oýunda çehler goşmaça wagtda niderlandlary 3-0, şeýle-de Fransiýa Belgiýany 3-1, Italiýa debýutant Norwegiýany goşmaça wagtda 2-1, Wengriýanyň ýygyndysy şol wagtky ady Golland Gündogar Hindistany toparynyň ýygyndysyny (häzirki Indoneziýany) 6-0 hasabynda utýar.

Çärýek finalda 1-nji tapgyry dynç alyşda geçiren Şwesiýa Kubanyň ýygyndysynyň torundan jogapsyz 8 gol girizýär.Oýunda Andersson bilen Wetterstömiň hersi 3 gol geçirýär.Wengriýa Şweýsariýany 2-0, soňky çempion Italiýa ýer eýesi Fransiýany 3-1 hasabynda ýeňýär.

Braziliýa bilen Çehoslowakiýanyň oýny 1-1 hasabynda gutaryp, gaýtadan oýnalan duşuşykda Günorta amerikalylar 2-1 hasabynda ýeňiş gazanýar. Ýarym finalda Italiýa Braziliýany Kolaussi (51) we Meazzanyň (60 p) gollary bilen 2-1 ýeňip, bassyr 2-nji gezek finala çykýar.

Olaryň finaldaky garşydaşy Wengriýa bolup, olar ýarym finalda Şwesiýany 5-1 hasabynda ýeňýär.

ÝENE-DE ITALIÝA ÇEMPION

Parižiň “Stade Olympique de Colombes” stadionynda oýnalan Italiýa bilen Wengriýanyň arasyndaky finalda fransiýaly Žorž Kapdewill jürlewük çalýar. 45 124 janköýeriň gatnaşan oýnunda Italiýanyň ýygyndysy Žino Kolaussi (6, 35) we Silwio Piolanyň (16, 82) gollary bilen 4-2 hasabynda ýeňşini baýram edýär.

Wengerleriň gollaryny Pal Titkos (8) bilen Gýrogi Sarosi (70) geçirýär. Şeýlelikde Italiýa bassyr 2-nji gezek Dünýäniň çempiony diýen ada eýe bolýar.Ilkinji gezek şeýle netije görkezen Italiýanyň bu başarnygyny häzire çenli diňe Braziliýa gaýtalamagy başarýar (1958, 1962).

Galyberse-de Wittorio Pozzo bassyr 2-nji sapar, şol sanda 2 gezek çempion bolan ilkinji we häzirlikçe ýeke-täk tälimçi bolýar.

Bürünç medal ugrundaky oýunda Braziliýa Şwesiýany 4-2 hasabynda ýeňýär (Romeu 44, Leonidas 63, 74, Perasio 80 Ýonasson 28, Niberg 38). Bu Braziliýanyň ilkinji medaly bolýar.

Geçirilen duşuşyklar

1-nji tapgyr: Italiýa-Norwegiýa: 2-1, Fransiýa-Belgiýa: 3-1, Wengriýa-Gollandiýa Gündogar Hindistany: 6-0, Braziliýa-Polşa: 6-5, Çehoslowakiýa-Niderlandlar: 3-0, Şweýsariýa-Germaniýa: 1-1 (goşmaça oýunda 4-2), Kuba-Rumyniýa: 3-3 (goşmaça oýunda 2-1)

Çärýek final: Wengriýa-Şweýsariýa: 2-0, Şwesiýa-Kuba: 8-0, Italiýa-Fransiýa: 3-1, Braziliýa-Çehoslowakiýa: 1-1 (goşmaça oýunda 2-1)

Ýarym final: Wengriýa-Şwesiýa: 5-1, Italiýa-Braziliýa: 2-1

3-nji ýer üçin: Braziliýa-Şwesiýa: 4-2

Final: Italiýa-Wengriýa: 4-2

Gyzykly maglumatlar

* Bu çempionatdan soň ilkinji gezek ýer eýesine we soňky çempiona saýlama oýunlaryna gatnaşmazdan Dünýä Kubogynda çykyş etmäge ygtyýar berlip başlanýar. Soňky çempiona berilýän bu ygtyýar 2006-njy ýyldan soň ýatyrylýar.

Fransiýa 1938 Dünýä Kubogynda “Allen” atly toplar ulanylýar.

* Çempionatyň ilkinji aýlawynda Wengriýany 6-0 hasabynda ýeňen Niderland Gündogar Hindistany (Häzirki Indoneziýa) döwleti Dünýä Kubogynda 1 duşuşyk geçiren ýeke-täk topardyr.

* ItaliýaBraziliýa ýarym final duşuşygynyň 60-njy minutynda Juseppe Meazza penalti urgusyny ýerine ýetirjek mahaly, onuň oýnuň dowamynda ýyrtylan şortusy ýere gaçýar.

* Bu Dünýä Kubogyy toparçasyz geçirilen, başgaça aýdylanda utulan-çykdy esasynda oýnalan soňky bäsleşik bolýar.

* Wittorio Pozzanyň tälimçiligindäki italýanlaryň düzüminde 1934-nji ýyldaky çempion topardan 4 oýunçy çykyş edip, olaryň ikisi (Juseppe Meazza, Jowanni Ferrari) Italiýanyň 2-nji gezek çempion bolmagynda uly rol oýnaýar.

* FIFA-nyň şol wagtky italiýaly wise-prezidenti Dr. Ottorino Barassi ýurdunyň gazanan Dünýä kubogyny diwanynyň aşagyndaky aýakgap gutusynda saklap, uruş ýyllarynda ony goramagy başarypdyr.

* Çempionatda braziliýaly Leonidas 7 gol geçirip, “Altyn butsy” baýragyny eýeleýär.

* Italýanlar 1934-nji ýyldan 1950-nji ýyla çenli 16 ýyllap kubogy özlerinde saklap, bu ugurda dünýä rekordyny goýýar.

* Çempionatda “Allen” atly toplar ulanylýar.

FRANSIÝA 1938

Çempion: Italiýa

Finalçy: Wengriýa

3-nji ýer: Braziliýa

4-nji ýer: Şwesiýa

Gatnaşan toparlar (15): Belgiýa, Braziliýa, Çehoslowakiýa, Wengriýa, Fransiýa, Germaniýa, Golland Gündogar Hindistany, Italiýa, Kuba, Niderlandlar, Norwegiýa, Polşa, Rumyniýa, Şwesiýa, Şweýsariýa

Geçirilen wagty: 4-19-njy iýun (1938)

Geçirilen duşuşyk: 18

Geçirilen gol: 84 (ortaça 4,67)

Tomaşaçy: 374 835 (20,824)

Ýene degişli makalalar

Tramp Ýeke özi öýde - 2 filminde surata düşmäge razylyk berşini ýatlady
Türkmenistanda azyk önümleriniň we beýleki harytlaryň bahalaryna syn
Türkmenistanda azyk önümleriniň bahalaryna syn
Transfer täzelikleri