Baýramçylyk göçme sergisi

Baýramçylyk göçme sergisi

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygyrýet güni mynasybetli Medeniýet hepdeliginiň açylyş dabarasy geçirildi.Dabaranyň çäklerinde, Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň gaznasyndaky medeniýetde we sungatda öçmejek yz goýan ussat halypalaryň portret eserlerinden düzülen göçme sergi gurnaldy.

Sergide Türkmenistanyň halk suratkeşleri A.Hajyýewiň Bir maşgala, D.Baýramowyň Baba Annanowyň portreti, Nakgaşçylyk seniň ömrüň, Stanislaw!, A.Hojanyýazowyň Alty Garlyýewyň portreti, A.Muhammedowyň A.Gulmämmedowyň portreti ýaly birnäçe ussatlaryň portret eserleri baýramçylyk dabarasyna has-da şowhun goşdy.

Ýene degişli makalalar

Kesearkajyň düzünde aýdymy bilen adygan
Ykbalyny kino sungatyna bagyşlan halypa
Aşgabadyň Parahat-7 etrapçasynda suw üpjünçiligi ýygy-ýygydan kesilýär
Aşgabatda Nurberdi Annagurbanowyň döredijilik sergisi geçirildi
Türkmenistanda dümew ýaýraýar, Maryda gonamçylyklarda çaga mazarlary köpelýär
'Gyzgyn pese düşmeýär'. Türkmenistanda dem alyş ýollarynyň dümewi ýaýraýar