Ak bugdaýyň ajaýyp muzeýi

Ak bugdaýyň ajaýyp muzeýi

Änew şäherindäki Milli Ak bugdaý muzeýine Ak bugdaýyň ajaýyp muzeýi atly gezelenç gurnaldy. Ahal welaýat kitaphanasy tarapyndan gurnalan gezelenje kitaphana hünärmenleri gatnaşdylar.

Änew şäheriniň 2024-nji ýylda Türki dünýäniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi mynasybetli gurnalan gezelenje gatnaşan kitaphana hünärmenler muzeýde mähirli garşylandy.Olar ilki bilen muzeýe aýlanyp, sergi bölümlerine görk berýän gymmatlyklar bilen tanyşdylar.

Muzeýiň hünärmeni sergi bölümleriniň aýratynlyklary we olarda saklanylýan tapyndylar, gymmatly maglumatlar dogrusynda we gadymy Änew depelerinden bäş müňýyllyk taryhly bugdaý däneleriniň, Änew depeleriniň günortasynda saklanyp galan we 120 ýyl mundan ozal 1904-nji ýylda ýüze çykarylan bugdaý dänejikleriniň muzeýiň ekpozisiýasynda saklanylýandygy barada gürrüň berdi.

Gadymy Änewiň taryhy depelerinde geçirilen gazuw işleri netijesinde tapylan bürünç kätmen, peýkamyň ujy, bürünç pyçak, monohrom we ýarymhrom bilen çekilen suratlary, üstünden müňlerçe ýyl geçen keramika gap-gaçlarynyň bölekleri, keramiki önümler uly hum, küýze, golça, çal üçin niýetlenen küýze hojalyk ähmiýetli ownuk gap-gaçlar we beýleki muzeý gymmatlyklary muzeýiň iň görnükli ýerinde orun alandygyny aýdyp, hünärmen şol maglumatlar bilen tanyşdyrdy.

Bu ýerde kitaphanaçy hünärmenleri hormatly Prezidentimiziň Änew müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet atly gymmatly kitabyndan ugur alyp, gadymy Änew medeniýeti, bu topragyň şan-şöhrata beslenen taryhy we şu günki güni barha özgerýän keşbi dogrusynda täsirli gürrüň edildi.

Gezelenje gatnaşanlar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Änew medeniýetini öwrenmek hem-de dünýä wagyz etmek babatda edýän edýän taýsyz tagallalary üçin hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.

Ýene degişli makalalar

Daşkentde türkmen we özbek ýazyjy-şahyrlarynyň döredijilik duşuşygy geçirildi
Özbegistanda türkmen we özbek ýazyjy-şahyrlarynyň döredijilik duşuşygy geçirildi
Kitap jadyly dünýä
Türkmenistan we Hytaý energetika hyzmatdaşlygyny giňeltmek barada ylalaşdylar, Aşgabatda klimat ekofestiwaly geçirildi, türk kinematografiýaçylary Gadymy Merwe baryp gördüler we beýleki habar
Ýaponiýadaky gämi pajygasynda ýogalan adamlaryň sany artdy
Ýurdumyzyň ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly gadamlary