Ak gaýa eplenýän merdiwanlaryň ynamdar we amatly görnüşlerini hödürleýär

Ak gaýa eplenýän merdiwanlaryň ynamdar we amatly görnüşlerini hödürleýär

Abatlaýyş we gurluşyk harytlarynyň dükany Ak gaýa polatdan, alýuminiýden we dýuralýuminiýden taýýarlanan eplenýän merdiwanlaryň dürli görnüşlerini hödürleýär.

Eplenýän merdiwanlar hojalykda hem, abatlaýyş-gurluşyk işleri üçin hem peýdalanylýar. Ak gaýada hödürlenýän görnüşler ýokary hili, diregleriniň we berkidilýän bölümleriniň çeýeligi, ykjamlygy we berkligi, dowamly basyşa çydamlylygy we ulanyşda amatlylygy bilen tapawutlanýarlar.

Görnüşleriň arasynda adaty birtaraply merdiwanlar we has durnukly ikitaraply eplenýän merdiwanlar, şeýle hem gurluşyň aýry-aýry bölekleriniň hereket etmeginiň öňüni almak üçin ýörite berkitmek mümkinçiligi bolan merdiwanlar hem bar.

Ak gaýa dükanynda hödürlenýän eplenýän merdiwanlaryň görnüşleri bilen G.Kuliýew (Объездная) köçesiniň 40-njy jaýynda tanşyp bilersiňiz.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: (+993 65) 57 57 57, (+993 64) 66 44 88. Sosial ulgamlardaky sahypasy.

Şeýle hem ýaňy-ýakynda Ak gaýa dükanlar zynjyrynyň täze nokadynyň Ak ýaýla dükanynyň açylandygyny ýatladýarys. Bu ýerde elektrik çäýneklerden we mikrotolkunly peçlerden başlap, sowadyjylara, gaz plitalaryna we kondisionerlere çenli ownuk we iri hojalyk tehnikalarynyň iň köp görnüşleri hödürlenýär.

Ýene degişli makalalar

TÜRKMENISTANDA GURULÝAN TÜRKMENABADA ÇENLI ÝOKARY TIZLIKLI AWTOMOBIL ÝOLUNYŇ AŞGABAT-TEJEN BÖLEGI DABARALY ÝAGDAÝDA ULANMAGA BERILDI
“Lebapgazçykaryş” 10 milliard kub metrden gowrak tebigy gaz öndürdi
Hormatly Prezidentimiz Döwletliler köşgüne baryp gördi
Ýurdumyzyň energetika pudagynyň kuwwaty artýar
Türkmenistanda gurluşyk harytlaryny we gurallary onlaýn görnüşde satyn almak üçin mobil goşundy işe girizildi
Ussa TM ykjam goşundysyndaky abatlaýyş we gurluşyk harytlary yzygiderli täzelenýär