Ak Tama Täze ýyl arçasy getirildi

ABŞ-nyň birinji zenany Jill Baýden Ak Tamda baş arça agajy bilen tanyşdy. Boýy 5,5 metr töweregi bolan bu agaç, Amerikanyň Prezidentiniň Waşingtondaky rezidensiýasyna goýuldy.

Arça Demirgazyk Karolina ştatyndaky tokaýlardan getirildi. Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň häzirki ýolbaşçysynyň aýaly ýaşyl köýnek, palto we aýakgap geýip, Täze ýyl arçasyny garşylamaga çykdy. Häzirki wagtda agaç Ak Tamyň Mawy otagynda dikildi.

“72 ýaşly birinji hanym Jill Baýden, baş arça getirilensoň harby maşgalalary özüne goşulmaga çagyrdy” diýip, “People” neşiri ýazýar.

Jill Baýden harby maşgalalaryň çagalary bilen duşuşdy we arçany synlap, oňa “ajaýyp” diýip baha berdi.

Ýene degişli makalalar

ABC: ABŞ-da Ien tupanynyň pidalarynyň sany 100 adamdan geçdi
Çempionatda 34 ýyldan soň ilkinji ýeňşini baýram etdi
ABŞ-nyň Resmisi Türkiýä Sagbolsun Aýtdy
ABŞ-nyň Prezidenti ähli musulmanlary Oraza baýramlary bilen gutlady
BMG Tarapyndan Idlibe 73 Konteýnerlik Ynsanperwer Kömegi Ugradyldy
Jo Baýdeniň 2021-nji ýylda gazanan girdejisi belli boldy