ABC: ABŞ-da Ien tupanynyň pidalarynyň sany 100 adamdan geçdi

ABC: ABŞ-da Ien tupanynyň pidalarynyň sany 100 adamdan geçdi

Geçen hepdede ABŞ-nyň Florida ştatyna baran Ien tupany zerarly azyndan 103 adam aradan çykdy. Bu barada sişenbe güni ABC telekompaniýasy habar berdi.

Onuň berýän maglumatlaryna görä, ýerli häkimiýetler 99 adamyň, ýene-de 4 adamyň Demirgazyk Karolina ştatyndan aradan çykandygyny habar berdiler.Dördünji derejä eýe bolan Ien tupany Florida ştatynyň kenarýakasyna çarşenbe güni ýetdi.

Penşenbe güni ol tropiki tupan derejesine çenli peseldi, emma soň sekuntda 33 metr tizlige ýetýän şemally birinji derejä çenli güýçlendi.Floridanyň gubernatory Ron Desantisiň aýtmagyna görä, weýrançylyklary doly dikeltmek üçin ýyllar gerek bolar. Ştatda 556 müňden gowrak adam elektrik togundan kesildi.

Ak tam ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýdeniň ýoldaşy Jill bilen bilelikde 5-nji oktýabrda Florida baryp görjekdigini mälim etdi.

Ýene degişli makalalar

Tramp-Putin duşuşygy üçin taýýarlyklaryň görülýändigi mälim edildi
Tramp bilen Harrisiň arasynda teleçekişme geçiriler
ABŞ-da Helene Tupany Sebäpli 133 Adam Ýogaldy
Respublikaçylaryň arasynda öňde barýar
Tramp bäş möhüm ştatda öňde barýar
Pfizer kompaniýasynyň ýolbaşçysy adaty durmuşa dolanmak üçin şertleri mälim etdi