Tramp bäş möhüm ştatda öňde barýar

Amerikanyň “The New York Times” gazetiniň geçiren pikir soralyşygyna laýyklykda, ABŞ-nyň öňki Prezidenti Donald Tramp, 6 sany “yrga” ştatyň 5-sinde 2024-nji ýylda boljak saýlawlarda saýlawçylaryň goldawy boýunça häzirki Prezident Jo Baýdenden öňde barýar.

Gazet bu pikir soralyşygy amerikan kolleji “Siena” bilen bilelikde geçirdi.Pikir soralyşyga görä, Baýden diňe Wiskonsin ştatynda Trampdan öňde barýar.Galan Jorjiýa, Newada, Arizona, Miçigan we Pensilwaniýa ýaly 5 ştatda Tramp öňe saýlanýar.

Bu alty ştat 2024-nji ýylda geçiriljek Prezident saýlawlarynda ýeňijini kesgitlemekde iň möhüm ştatlar hasaplanýar, sebäbi bu sebitlerde “ikirjiňlenýän” saýlawçylaryň has köpüsi ýaşaýar.Bu bolsa, dalaşgärleriň ikisiniň hem bu ştatlarda deň derejede meşhurdygyny görkezýär.

NYT-nyň maglumatlaryna görä, pikir soralyşyga gatnaşanlaryň köpüsi ykdysadyýet meselesinde Trumpa has köp ynanýandyklaryny aýtdylar. Şeýle hem saýlawçylaryň immigrasiýa, milli howpsuzlyk we halkara meseleleriniň çözülmeginde Ak tamyň öňki ýolbaşçysyny ileri tutýandyklary belli boldy.

ABŞ-nyň indiki Prezident saýlawlary 2024-nji ýylyň noýabr aýynda geçiriler.Oňa Respublikan partiýanyň dalaşgäri hökmünde, Ak tamyň öňki ýolbaşçysy Donald Tramp, Florida ştatynyň gubernatory Ron Desantis, işewür Wiwek Ramaswamy, ABŞ-nyň BMG-däki ozalky hemişelik wekili Nikki Heýli, Günorta Karolina ştatynyň senatory Tim Skott we Nýu-Jersi ştatynyň öňki gubernatory Kris Kristi we beýlekiler gatnaşmak isleýär.

Aprel aýynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň häzirki Prezidenti Jozef Baýden Demokratik partiýadan gaýtadan saýlanmak isleýändigini aýtdy.

Ýene degişli makalalar

Demokratlar ABŞ-nyň Senatynyň gözegçiligini saklarlar
Newadadaky ýeňiş demokratlara Senata gözegçilik etmäge mümkinçilik berdi
Maýk Pens ABŞ-nyň prezidentligine dalaş etmekçi
Maýami şäheriniň meri Suares ABŞ-nyň prezidentligine dalaş eder
Respublikaçylaryň saýlawdan öňki duşuşygy
Saýlaw 2020. Düşündiriş: ABŞ-da galplyga garşy alnyp barylýan saýlaw çäreleri