Respublikaçylaryň saýlawdan öňki duşuşygy

Kaliforniýada respublikaçylaryň Ikinji saýlaw çekişmeleri geçirildi. Dalaşgärlige hödürlenýän ýedi dalaşgär, esasan hem, migrasiýa syýasaty we dünýäde emele gelen käbir çylşyrymly ýagdaýlar barada özara maslahat geçirdiler.

Soňky pikir soralyşyklara görä, Tramp respublikan saýlawçylaryň 58% -i tarapyndan goldanýar.

Maslahata Florida ştatynyň gubernatory Ron Desantis, ABŞ-nyň BMG-däki öňki ilçisi Nikki Heýli, senator Tim Skott, işewür Wiwek Ramaswamy, öňki wise-prezident Maýk Pens, Nýu-Jersiniň öňki gubernatory Kris Kristi we Demirgazyk Dakota ştatynyň gubernatory Dug Burgum çykyş etdiler.

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň ozalky prezidenti Donald Tramp, çekişmä gatnaşmandygyna garamazdan, esasy şahsyýet hökmünde öňe saýlandy.

Ýene degişli makalalar

Maýk Pens ABŞ-nyň prezidentligine dalaş etmekçi
Maýami şäheriniň meri Suares ABŞ-nyň prezidentligine dalaş eder
Tramp bäş möhüm ştatda öňde barýar
Tramp Amerikanyň 14 ştatynda başlangyç saýlawlarda ýeňiş gazandy
Respublikan partiýadan prezidentlige dalaşgär
“Altyn globus” baýragynyň ýeňijileri mälim edildi