Maýk Pens ABŞ-nyň prezidentligine dalaş etmekçi

ABŞ-nyň öňki wise-prezidenti Maýk Pens 2024-nji ýylyň noýabr aýynda geçiriljek indiki prezident saýlawlaryna gatnaşmak üçin resminamalaryny tabşyrdy. Degişli maglumatlar ABŞ-nyň Federal saýlaw komissiýasynyň web sahypasynda mälim edildi.

Maýk Pens Respublikan partiýasyna wekilçilik edýär. Ol respublikaçylaryň adyndan prezidentlige dalaşgär görkezilmegini gazanmak isleýär. Şeýle-de, muňa ABŞ-nyň öňki prezidenti Donald Tramp, Florida ştatynyň gubernatory Ron Desantis, ABŞ-nyň BMG-däki öňki ilçisi Nikki Heýli, Günorta Karolina ştatynyň senatory Tim Skott we beýleki syýasatçylar dalaş ederler.

NBC teleýaýlymy ozal Pensiň basym ýurduň prezident saýlawlarynyň öňýanyndaky ýaryşyna resmi taýdan girmek isleýändigini habar beripdi.

ABŞ-nyň indiki prezident saýlawy 2024-nji ýylyň noýabr aýynda geçiriler. 25-nji aprelde ABŞ-nyň häzirki Prezidenti, demokrat Jozef Baýden ýokary hökümet wezipesine gaýtadan saýlanylmaga dalaş etjekdigini aýdypdy.

Ýene degişli makalalar

Maýami şäheriniň meri Suares ABŞ-nyň prezidentligine dalaş eder
Tramp bäş möhüm ştatda öňde barýar
Respublikaçylaryň saýlawdan öňki duşuşygy
Respublikaçylaryň arasynda öňde barýar
Tramp Amerikanyň 14 ştatynda başlangyç saýlawlarda ýeňiş gazandy
Respublikanlardan prezident saýlawyna dalaşgär bolan Nikki Heýli deslapky saýlawlardan çekildi