Maýami şäheriniň meri Suares ABŞ-nyň prezidentligine dalaş eder

Maýaminiň meri Frensis Suares geljek ýylyň noýabr aýynda geçiriljek ABŞ-nyň Prezident saýlawlaryna gatnaşmak isleýändigini aýtdy. Ol Respublikan partiýasy tarapyndan üçin dalaş eder.

45 ýaşly Suares gelip çykyşy boýunça kubalydyr. CNN habar gullugynyň habaryna görä, ol 2017-nji ýylda Maýami şäheriniň meri wezipesine saýlandy, 2021-nji ýylda bolsa täze möhlete saýlandy.

Mundan ozal respublikan partiýasyndan prezidentlige öz dalaşgärligini ABŞ-nyň öňki Prezidenti Donald Tramp, Florida ştatynyň gubernatory Ron Desantis, öňki wise-prezident Maýk Pens, Günorta Karolinanyň senatory Tim Skott, ABŞ-nyň BMG-däki hemişelik wekili Nikki Heýli, şeýle hem Demirgazyk Dakotanyň gubernatory Dug Bergam we Nýu Jersiniň öňki gubernatory Kris Kristi dagy hödürlediler.

Ýene degişli makalalar

Maýk Pens ABŞ-nyň prezidentligine dalaş etmekçi
Tramp bäş möhüm ştatda öňde barýar
Amerikanyň kubogy ― 2024: Argentina Messiniň goly bilen finala çykdy
Kolumbiýanyň ýygyndysy 23 ýyldan soň finala çykdy
Argentinamy ýa-da Kolumbiýa?!
Trampyň musulman häkiminiň ýeňşine reaksiýasy: Nýu-Ýorklular Mamdani sebäpli Florida gaçarlar