Respublikaçylaryň arasynda öňde barýar

ABŞ-nyň öňki prezidenti Donald Tramp 2024-nji ýyldaky saýlawlara gatnaşmak isleýändiklerini mälim eden respublikan dalaşgärlerden has öňde barýar. Muny “FiveThirtyEight” web saýty tarapyndan geçirilen pikir soralyşyklar subut edýär.

Barlaglaryň netijesine görä, öňde boljak prezident saýlawlaryna dalaşgär hökmünde Trampyň dalaşgärligi partiýa agzalarynyň 53,8%-i tarapyndan makullanýar. Ikinji orunda Florida ştatynyň gubernatory Ron Desantis 15%, üçünji orunda telekeçi Wiwek Ramaswamy 7,4% bilen üçünji ýeri eýeleýär. Ondan soň ABŞ-nyň öňki wise-prezidenti Maýk Pens 5,5%, Günorta Karolinanyň öňki gubernatory Nikki Heýli 3,7% gelýär.

Demokratlaryň arasynda hem şuňa meňzeş ýagdaýyň bardygy bellärliklidir. Ak tamyň häzirki Baştutany Jozef Baýden hem demokratlaryň arasynda öňde barýar. Partiýa agzalarynyň 64,9%-i ony goldaýar. Ikinji orunda uly aralyk bilen Robert Kennedi kiçi gelip, onuň reýtingi bary-ýogy 14,3%.

Ýene degişli makalalar

Respublikanlardan prezident saýlawyna dalaşgär bolan Nikki Heýli deslapky saýlawlardan çekildi
Tramp bäş möhüm ştatda öňde barýar
Maýami şäheriniň meri Suares ABŞ-nyň prezidentligine dalaş eder
Maýk Pens ABŞ-nyň prezidentligine dalaş etmekçi
Respublikaçylaryň saýlawdan öňki duşuşygy
Tramp Amerikanyň 14 ştatynda başlangyç saýlawlarda ýeňiş gazandy