Akebi ýapon miwesi

Akebi  ýapon miwesi

Ýaponiýada ýabany ösýän akebi Gündogar Aziýanyň iň täsin miweleriniň biridir.Iýilýän bölegi želatin ýaly süýji hem-de şireli bolan bu miwäniň gabygy gögümtil-gülgün reňklidir.Ylmy ady Akebia quinata bolan ýumşak miwe dag eteklerinde we tokaýlarda ösýär.

Miwäniň ortaça uzynlygy 10-13 santimetr bolup, şahalardan asylgy durýar.Akebiniň bitýän ýerine baglylykda, gabygy açyk gülgün ýa-da doýgun gyzgylt reňkde bolup bilýär.

Akebi ýapon dilinde açylýan miwe diýmegi aňladýar.Kapsula meňzeş gülgün miweler çyrmaşyp ösýän gyrymsy agaçda bitýärler. Üzüme meňzeş bu agaç şokoladyň we waniliň ysyny berýän garamtyl-gyrmyzy gül açýar.

Agajyň gülleri atyr önümçiliginde peýdalanylýar. Çeýe we uzyn şahalary bolsa, sebet örmek üçin ulanylýar.Maý-iýun aýlarynda hoşboý ysly gülleriň ornunda kiçijik miweler peýda bolup başlaýar. Ýarym Aýa meňzeş süýnmek miwe sentýabr-oktýabr aýlarynda ýetişýär.

Uzak wagtlap saklap bolmaýandygy sebäpli, bu miwe bary-ýogy iki hepde elýeterli bolýar.Içinde bir topbak çigidi bolan akebini kesmek zerurlygy ýok.Sebäbi miwe doly ýetişende edil pyçak bilen kesilen ýaly bolup, öz-özünden açylýar.

Liçä we banana meňzeş tagamy bolan akebiniň ýukajyk etli bölegi iýilýär.Miwäniň ajymtyk gabygyndan ýapon aşhanasynda gök önümler bilen bilelikde dürli tagamlar taýýarlanylýar.Akebi gowrulyp, oda daglanyp we duzlanyp hem iýilýär.

Mundan başga-da, mürepbe, şerbet, miwe suwlary taýýarlanylýar.Gögümtil-gülgün miwe Ýaponiýanyň Tohoku sebitinde Dagyň şazadasy diýlip atlandyrylýar.Akebiniň iň esasy ösýän sebiti bolan Tohokuda dermanlyk häsiýetli bu miwä bagyşlanyp oba hojalyk festiwallary we sergiler geçirilýär.

Akebi miwesini Ýaponiýanyň, Hytaýyň we Koreýa Respublikasynyň bazarlaryndan tapyp bolýar.Gülgün miweler seýrek ýagdaýda Ýewropada, Täze Zelandiýada we ABŞ-da ösdürilip ýetişdirilýär.

Ýene degişli makalalar

Ertir Dünýä Kubogy 2026-nyň bijeleri çekiler
Dünýä Kubogy 2026-nyň bijeleri çekildi
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda
Milli Liderimiz Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi hem-de ýaşaýyş jaý toplumyny açdy
Milli Liderimiz Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi hem-de ýaşaýyş jaý toplumyny açdy
Bitarapdyr Arkadagly Watanmyz!