Aksaraý diň ýadygärligi

Irki orta asyr arhitektura-arheologik ýadygärlikleriň biri bolan gadymy Saraý köşkler toplumynyň sudurlary Görogly etrabynyň Aksaraý geňeşliginiň Aksaraý obasynyň gündogarynda ýerleşýär. Bu meşhur we şöhratly binagärçilik toplumy etrap merkezinden 18 kilometr demirgazyk-gündogar tarapda ýerleşmek bilen, onuň medeni gatlaklarynyň birinji tapgyrynyň ýaşy VIII asyr bilen senelenýär.

Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda möhüm, ösen syýasy, medeni, söwda ojaklarynyň biri hasap edilen Saraý ýadygärliginiň ady orta asyr taryhy, edebi çeşmelerde, nusgawy edebiýatyň wekilleriniň gazallarynda, ýol ýazgylarynda Aksaraý, Aksaraý diň, Aksaraý köşkler toplumy, Aksaraý kerwensaraýy ýaly görnüşlerde hem duş gelýär.

Yşk mülküniň şasy Mollanepes özüniň Tapylmaz atly şygrynda toýun-kerpiç ýazgylaryndan başlanan taryhyň gadymy merjen sebitini, bu ýadygärligi Saraý köşkler toplumyny Aksaraý görnüşinde wasp edipdir.

Sebitleriň jemgyýetçilik durmuşynda uly orun tutan irki orta asyr arhitektura-arheologik Aksaraý diň ýadygärligi bilen Özbegistanyň Hankah şäheriniň aralygy 30 kilometre, Hazarasp şäheri bilen aralygy 35 kilometre, Gürleň şäheri bilen aralygy 28 kilometre, Hywa şäheri bilen aralygy 36 kilometre deňdir.

Aksaraý köşkler toplumynyň meýdanynyň gorag çäkleri 25 gektardan gowrak bolup, onuň demirgazygynda Daşoguz welaýatynyň Şabat etraby, günortasynda Görogly etrabynyň H.Myradow adyndaky, B.Öwezow adyndaky geňeşlikleri, günbatarynda Görogly etrabynyň Magtymguly adyndaky geňeşligi ýerleşýär.

Geçmişde Beýik Ýüpek ýolunyň gadymy ugrunda Hywa-Aksaraý-Buzgömen-Bedirkent-Polosoltan-Ysmamytata-Küňreli-Yzmykşir-Was-Köneürgenç-Diýarbekir-Aşyk Aýdyň-Halap-Şirwan-Akjagelin-Tüniderýa menzilleri Demirgazyk Türkmenistanyň esasy, köp gatnawly düşelgeleri, sebitiň iň iri nokatlary, uly kerwen hatarlaryny kabul etmäge ukyply bolan giň ýaýlaly merkezler hökmünde tanalypdyr.

Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Aksaraý diň ýadygärligi Hywa-Etrek, Hywa-Kesearkaç, Hywa-Amul, Hywa-Merw, Hywa-Gürgen, Hywa-Dehistan ýaly Demirgazyk Türkmenistanyň gündogar şahasynda birinji, iň amatly, bag-bakjaly kerwensaraýly ýaýla hökmünde hem ykrar edilipdir.

Alymlar Aksaraý diň ýadygärliginiň medeni gatlaklarynyň II we III tapgyrynda IX-XII asyrlaryň aralygynda durmuşyň ähli ugurlaryna degişli ýaşaýyş medeniýetiniň gülläp ösendigini belleýärler. Bu döwürde ýadygärligiň töwereginde kerwensaraýyň, rabatlar, gorganlyk (köşkli galanyň) toplumlarynyň bolandygy alymlaryň işlerinde bellenilip geçilýär.

Sebitiň bu görnükli, kaşaň, haşamly toplumynyň ýüzündäki, durkundaky gymmatlyklar, ýazgylar, ülňüler XIX asyryň ahyrlarynda toprak astynyň gatlaklaryna gizlenip barýan taryhy hakyda hökmünde, mukaddesligiň keşbine, geçmişiň unudylmajak tapgyryna gadam basan harabaçylygy hökmünde jemgyýetçilik sahnasyndan düşüp başlaýar. Şygryň çeper dilinde taryhy hakykatlary açyp görkezýän Aksaraý diň ýadygärligi Demirgazyk Türkmenistanyň gündogar tarapdan gelýän Beýik Ýüpek ýolunyň ilkinji nokady, çar ýana uzaýan ýollara ak pata berilýän geçelge çatrygy, syýahatçylaryň we täjirleriň ezizlän mekany, sebitiň altyn guşagy hasap edilipdir.

Bu gadymy küren obaly mekan öz döwründe köje, zagara, sandyk, tuwalga, hum, zygyr, kenep, boýra, sebet, monjuk, gopuz, tüýdük, argyş torbalaryny, tor, otaga, pota, sagdak, tomaga, kişti dokamak, örmek, ýasamak, taýýarlamak, kürelemek, waraklamak, küme, külbe, guduk (guýy) gurmak ýaly hünärmençilik medeniýetiniň ösen merkezi hökmünde uly şöhrat gazanypdyr.

Saraý sözüne edebi, taryhy çeşmelerde köne ýurt, şirin söhbetleriň we nepis sazlaryň ojagy, behişdiň kildi, öten nesilleriň yşky düşen sährasy, jennetiň bulagy, senemleriň arygy, azym-azym rabatly ülke, gaýduwsyz, söweşjeň ärleriň, mürzebaşylaryň, müňbaşylaryň seýran eden sebiti, rowaçlyklara badalga berýän mukaddes didarly, hikmetli ýagşyzadalaryň düşlän çadyrly mesgeni, kerwenlere saýawan bolan uly bargäh kabulhana düşelgesi, özge mähelleleriň sarpalany, giň, amatly, boz ýaýlaly belentlik, gülüstanly gyşlag, beýikligi, bagtyýarlygy ýaran edinmek, kethudalaryň geňeş eden mekany, kemally ogullaryň täze hojalygy, urugyň iň uly wekili, ilkinji binýat ýaly görnüşlerde düşündiriş berilýär.

Ak sözüniň many gurşawy päkizelik, abadançylyk, sadyklyk, rowaçlyk, hoşniýetlilik, suhangöýlük, jomartlyk, ýagşy arzuwlara rowanalyk, ylalaşygyň nyşany, asudalyga ymtylyş, arassalyk ýaly leksik birlikler bilen sinonimdeşlik hataryny emele getirýär.Doganlyk halklaryň durmuşynda, ýazuw çeşmelerinde, edebi kyssalarynda, sözleýiş medeniýetinde bu mekan hakanlar (soltanlar), hüňkarlar (hanlygyň ýokary wezipeli töreleri, begleri) tarapyndan säginilen we sygynylan gadymy ojagy, gülendam syratly, hoşroý hulkly zeýnepleri taňsyk (haýran) edip, olaryň seýpil (bagt) tapan Watany, ýedi farsak (bir farsak 5,5 kilometrden gowrak) uzakdan salgym öwşümi (halkaýyn üýşmegi) görünýän bereketli Diýar, duýgulary şatlykdan desseläp didelere röwşenlik çaýýan ýaýla, hatarynda ýetmiş ineri baglan kerweniň çöken, bekmeniň (çapyksuwarlaryň) çapan, bökenleriň (pälwanlaryň) bilekleşen, mürşitleriň (hakykaty gözleýjileriň) şowk eden, şähriýarlara, arbaplara (halatly aryflara) jylawdar bolan menzil hökmünde hem ulanylýar.

Orta asyrlarda döwletleriň hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynda, goňşy halklaryň durmuşynda uly orun eýelän ýadygärligiň binagärçilik toplumynyň nusgalaryndan diňe Aksaraý diňiniň, Çileli baba aramgähiniň saklanyp galandygyny görmek bolýar.Aksaraý diňini we onuň töweregindäki binalary ilkinji bolup ylmy taýdan rus alymy A.Baçinskiý 1950-nji ýylda düýpli öwrenipdir we Aksaraý diňini aramgäh hasap edipdir. 1958-nji ýylda rus alymy G.A.Pugaçenkowa tarapyndan Aksaraý diňinde we onuň töweregindäki gadymy desgalarda arheologik barlaglar geçirilýär we ol Köneürgenç türkmen döwletine gündogardan girilýän baş, esasy geçiş-giriş nokady hasap edilipdir.

Aksaraý diňi burçlary älemiň taraplaryna bakdyrylyp gurlan, ölçegi inedördül-arka görnüşli, iki gatly, ýokarky bölegi gümmez şekilli taryhy desgadyr. Ýadygärligiň birinji gatynyň ini 6,60 metr, boýy 6,60 metr, ikinji gatynyň boýy bolsa 3,88 metr, ini 3,67 metr bolup, onuň üstki böleginde beýikligi 2,70 metre deň bolan gümmez ýerleşýär. Ýadygärligiň başlangyç sütüni 7 metr ýeriň astyndan başlanypdyr we onuň gurluşygynda ölçegi, agramy ýedi dürli bolan kerpiçler peýdalanylypdyr. Ýadygärligiň umumy beýikligi 11 metre golaýlap, onuň birinji gatynyň girelgesinde ýerleşýän arkanyň uzynlygy 3,30 metre, ini 1,75 metre deňdir. 2006-2009-njy ýyllar aralygynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň alymlarynyň gatnaşmagynda Aksaraý diň ýadygärligini öwrenmek maksady bilen düýpli rejeleýiş, dikeldiş, gazuw-agtaryş, berkitme we abatlaýyş işleri alnyp baryldy.

Onuň netijesinde bu ýerden keramiki tapyndylar, oýulyp nagyş çekilen gök, mawy reňkdäki kerpiçler, neçjarçylyk nagyşly gymmatlyklar tapyldy.

Halkyň hormatlan, milletiň sarpalan, asyrlaryň ylhamy, ýyllaryň mähri, döwürleriň hyjuwy siňen bu çäkde 1993-nji ýylda meýdany 5 müň gektara golaýlaýan Aksaraý geňeşligi we daýhan birleşigi döredildi.Türkmen durmuşynyň taryhy hakykatlaryny, gözellik keşbini döretmek hem-de gurmak sungatynyň we medeniýetiniň tejribelerini arşa galdyran bu mekana XIX-XX asyrlaryň görnükli söz ussatlarynyň, tanymal jemgyýetçilik işgärleriniň, meşhur medeniýet wekilleriniň 40-dan gowragynyň görmäge gelendigini alymlar belleýärler. Çeperçilik sazlaşygyň we çözgütleriň özboluşly galyplary bilen bezelen ýadygärligi dürli ýyllarda öwrenmekde M.Aýdogdyýew, N.Bäşimowa, O.Babakow, A.Ataýew, Ş.Annataganow, K.Durdyýew, E.Myradowa ýaly alymlar uly hyzmatlary bitirdiler.

Dädebaý PÄLWANOW,

Görogly etrap häkimliginiň hünärmeni.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
Türkiyede howa şarlaryna bolan gyzyklanma artýar
Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň gallaçylary bugdaý oragyna girişdiler
12.06.2019 | Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň gallaçylary bugdaý oragyna girişdiler
Stambulda türkmen gara banklary’ Türkmenistanyň kartlaryndan pul çekip berýär
16.05.2018 | Medeni mirasy gorap saklamak boýunça iri türkmen-amerikan taslamasy tamamlandy