Aktiwist Myrat Duşemow dört ýyl möhlet bilen azatlykdan mahrum edildi

Aktiwist Myrat Duşemow dört ýyl möhlet bilen azatlykdan mahrum edildi

16-njy awgustda Daşogzuň şäher kazyýeti aktiwist Myrat Duşemowy dört ýyl möhlet bilen türme tussaglygyna höküm etdi. Bu barada “Türkmenistanyň hronikasy” neşiri “Azat Turkmen” YouTube kanalyna salgylanyp habar berýär.

Maglumata görä, Duşemowa Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň 108-nji we 232-nji maddalaryna laýyklykda, “Saglyga bilkastlaýyn orta agyrlykdaky şikes ýetirmek” we “Gorkuzyp almak” aýyplamalary boýunça höküm çykarylypdyr.

Duşemow Ruhubelent etrabynyň deslapky tussaghanasynda 15 gün wagtlaýyn tussaglykda saklanýan mahaly, hamala, kameradaky beýleki adamlar bilen urşup, adamyň saglygyna zyýan ýetirmekde günäkärlenipdir.

Galyberse-de, Duşemow mundan ozal Büzmeýiniň bir saglyk öýünde gizlin düşürip, sosial media syzdyran wideosyny, hamala, ýaýratmazlyk wadasy bilen saglyk öýüniň baş lukmanyndan "gorkuzyp pul almakda" aýyplanypdyr. Bu barada baş lukman kazyýete arza bilen ýüz tutupdyr.

Ýatlasak, Büzmeýiniň bir saglyk öýünde gizlin düşürilip, sosial media syzdyrylan wideoda Duşemow ýurtda koronawirusyň hakyky ýagdaýy we häkimiýetleriň waksina talaplary boýunça bir lukman aýaly soraga çekdi.

Türkmenistanyň hökümeti ýurtda hiç hili koronawirus hadysasynyň hasaba alynmandygyny öňe sürýär. Ýöne lukmanlar şu wagta çenli ýurt boýunça bir topar adamda koronawirus keseliniň tapylandygyny mundan ozal Azatlyk Radiosyna tassykladylar.

Has ozal, Myrat Duşemow öz ýoldaşy Juma Jumakaýew hem-de onuň aýaly Leýli Nurmetowa bilen 7-nji iýulda Aşgabatdan Daşogza barýarka Jumakaýewiň dolandyrýan ýeňil awtoulagy Ruhubelent etrabynyň ýol gözegçilik postunda polisiýa tarapyndan saklandy.

Polisiýa olardan pandemiýa sebäpli sebitara herekete girizilen çäklendirmeleriň düzgünlerine laýyklykda negatiw koronawirus test netijesini görkezmegi talap edipdir.

Muňa garşy çykan Duşemow we onuň ýoldaşlary ýoluň üstünde dört sagat töweregi garaşmaga mejbur edildi. Emele gelen bu ýagdaýa nägilelik bildiren Jumakaýew öz awtoulagy bilen ýoly petikländen soňra olar wagtlaýyn tussag edildi. Nurmetowa jerime bilen tussaglykdan boşadyldy. Jumakaýew 15 gün wagtlaýyn tussaglyk möhletini tamamlap boşady. Ýöne Myrat Duşemowyň tussaglygy dowam etdi.

Şeýle-de, Duşemow Büzmeýin etrabynyň 12-nji saglyk öýünde bir lukman aýal bilen geçiren gürrüňini ýazgy edip, ony 25-nji iýunda özüniň YouTube kanalynda çap etdi. Bu wideoda Duşemow öz ejesiniň näme sebäpden koronawirusa garşy hökmany sanjym kabul etmelidigi barasynda lukmandan düşündiriş soraýar.

Ýatlasak, iýulyň başynda Türkmenistan 18 ýaşdan ýokary ähli raýatlar üçin koronawirus waksinasyny “hökmany” diýip yglan etdi.

16-njy iýulda Myrat Duşemowyň inisi Alty Duşemow Büzmeýinde häkimiýetler tarapyndan alnyp gidildi we biraz salym soň boşadyldy.

Has ozal, 2020-nji ýylyň tomsunda Myrat Duşemow YouTube-da çykyş edip, özüniň syýasy garaýyşlaryny beýan etdi. Ol öz çykyşynda daşary ýurtlarda hereket edýän türkmen oppozisiýasyny Türkmenistanyň içinde herekete çagyrdy.

Munuň yz ýany, Duşemow Büzmeýin etrabynda häkimiýetler tarapyndan tussag edildi. Ýöne ol munuň yz ýany öý tussaglygy şerti bilen boşadyldy.

“Azat Turkmen” YouTube kanaly Duşemowyň dogan-garyndaşlaryna kazyýetiň çykaran degişli kararynyň nusgasynyň berilmändigini habar berýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Ahmet Agamyradow futbol boýunça Aziýa kubogynyň saýlama tapgyryna gatnaşjak Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysynyň düzümini kesgitledi
Türkiýede işdeş ýoldaşyny öldürmekde aýyplanýan türkmen migranty 16 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi
Halypa bagşy Akjagül Myradowanyň doglan gününiň 100-ýyllygy mynasybetli geçirilen dabara
Arzuwlar siňen alaja atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi
Türkmen suratkeşleriniň eserleri Turan romantizmi kitabyna girizildi
TÝL ― 2022: Altyn asyr möwsümde Energetigi 10:2 hasabynda ýeňdi