Aktiwistler Warşawada protest geçirip, türkmen häkimiýetlerinden hasabat soramakçy bolýar

Aktiwistler Warşawada protest geçirip, türkmen häkimiýetlerinden hasabat soramakçy bolýar

Türkmenistanyň Lebap we Mary welaýatlarynda 2020-nji ýylda bolup geçen heläkçilikli harasatyň dördünji ýyl dönüminde, “Post-sowet dissidentleriniň Warşawa ýaranlygy” atly topar 27-nji aprelde Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Warşawadaky Demokratik institutlar we adam hukuklary edarasynyň öňünde protest aksiýasyny geçirip, türkmen häkimiýetlerini harasat boýunça hasabat bermäge çagyryş etmäge taýýarlanýar. Bu barada toparyň Facebook sahypasynda bildiriş ýaýradyldy.

Bildirişe görä, aktiwistler türkmen häkimiýetlerinden harasatyň netijelerini boýun almagy, adam ýitgileri we zeper ýetmeler boýunça hem-de dikeldiş işleri barada hasabat bermegi we tupanda ejir çeken maşgalalara kompensasiýa tölemegi talap edýärler.

2020-nji ýylyň aprelinde Türkmenistanyň Lebap we Mary welaýatlarynda adam ýitgilerine getiren heläkçilikli harasat boldy. Türkmen hökümeti we döwlet media serişdeleri bu harasat barada habar bermedi.

Ýene degişli makalalar

Aktiwistler harasadyň dördünji ýyl dönüminde protest çäresini geçirip, ýüzlenme bilen çykyş etdiler
Diňle: Aktiwistler harasadyň dördünji ýyl dönüminde protest çäresini geçirip, ýüzlenme bilen çykyş etdiler
Begmedowa: Biz demokratik üýtgeşmelere ymtylýan ýaş nesillerimize goldaw bermeli
ÝHWHG-nyň Ministrler Geňeşiniň Maslahaty Polşada Geçirilýär
Wagtyndan öň 1/8 finala çykmakda “Real Madrid” öz rekordyny täzeledi
ABŞ-niň ÝHHG-i ilçisi Türkmenistandaky prezidentlik saýlawlaryny tankytlady, guramanyň baş sekretary Serdar Berdimuhamedowdan duşuşyk soraýar