Aktrisa Salma Haýek Golliwudyň “Şöhrat alleýasynda” ýyldyzy aldy

Aktrisa Salma Haýek Golliwudyň “Şöhrat alleýasynda” ýyldyzy aldy

Asly Meksikadan bolan amerikaly aktrisa Salma Haýek Golliwudyň “Şöhrat alleýasyndan” ýyldyz aldy. Bu barada People žurnalyna salgylanyp, lenta.ru habar berdi.

Dabara aktýor Adam Sendler, şeýle hem Haýekiň Marveliň “Ölmezekler” atly täze filmi boýunça kärdeşleri - režissýor Hloýa Çžao we filmde esasy keşpleriň birini janlandyrýan Kumeýl Nanjiani dagylar gatnaşdy diýip, habarda aýdylýar.

Salma Haýek häzire çenli 30-dan gowrak filmde çykyş etdi. Ol 2002-nji ýylda çykan “Frida” filmindäki roly üçin iň oňat aktrisa diýen ugur boýunça "Oskar" baýragyna dalaşgär görkezildi we bu babatda asly Meksikadan bolan ilkinji aktrisa boldy.

Ýene degişli makalalar

Ýylyň garaşylýan filmleri
Şu ýylyň garaşylýan esasy kinolary
Magtymguly Garlyýew adyndaky Daşoguz welaýat ýörite sungat mekdebiniň konserti
Berlin Dartgynly
Agry Dagy
BÝKM Türkmenistanyň raýatlygy bolmadyk adamlara COVID-19 waksinasyny urmak baradaky hereketine ýokary baha berýär