Türkmenistanyň BMG-niň gurluşlary bilen hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň BMG-niň gurluşlary bilen hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň hem-de BMG-niň sebit agentlikleriniň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda gibrid görnüşinde duşuşyk geçirildi diýip, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň resmi web sahypasynda habar berildi.

Duşuşyga BMG-niň Ösüşi utgaşdyryş edarasynyň (UNDCO) Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin müdiri hanym Gwi-Ýeop Son, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň başlygy Nataliýa German, ÝUNESKO-nyň Tährandaky klaster-edarasynyň müdiri G.

El Huri, BMG-niň Adam hukuklary baradaky Ýokary komissarynyň müdirliginiň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin wekili Rişard Komenda, BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissarynyň Müdirliginiň (BMG BÝKM) Merkezi Aziýa boýunça Sebitleýin wekili Hans Fridrih Şodder, BMG-niň Tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak boýunça müdirliginiň (UNDRR) Ýewropa boýunça sebitleýin wekili A.Muhidow, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy D.Şlapaçenko we BMG-niň BMGÖM, UNODC, UNFPA, ÝUNISEF we BSGG ýaly edaralarynyň Türkmenistan boýunça ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Duşuşykda taraplar Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen işjeň gatnaşygy bilen baglanyşykly köp sanly meseläni ara alyp maslahatlaşdylar.

R.Meredow öz çykyşynda BMG-niň Türkmenistanyň strategik hyzmatdaşydygyny we bu nukdaýnazardan Türkmenistanyň hökümetiniň hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygyny aýtdy.

Häzirki wagtda türkmen tarapy, ýokarda agzalan we BMG-niň beýleki ýöriteleşdirilen gurluşlary bilen durnukly ösüş, sanlylaşdyrma, ynsanperwerlik ölçegi, şol sanda adam hukuklary, bosgunlaryň we raýatlygy bolmadyk adamlar, klimatyň üýtgemegi we daşky gurşawy goramak bilen bagly meseleleri, şeýle hem parnik gazlarynyň we metanyň zyňyndylaryny azaltmak wezipesi, bilim we saglygy goraýyş ulgamlarynda, ýokanç däl kesellere garşy göreş we bitewi saglyk başlangyçlarynda iň oňat tejribeleri ulanmak we ornaşdyrmak ýaly ugurlarda 50-den gowrak sebit we ýurt taslamalaryny durmuşa geçirýär.

Konstruktiw hyzmatdaşlygyň däp bolan ugurlaryny belläp, türkmen tarapy BMG-niň guramalaryna hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny açmak mümkinçiligini göz öňünde tutmagy we bu ugurda belli taslamalar üçin tekliplerini bermegi teklip etdi.

BMG-niň gurluşlarynyň ýolbaşçylary öz çykyşlarynda Türkmenistanyň hökümeti bilen alnyp barylýan bilelikdäki işler barada aýdyp, türkmen tarapynyň täze özara gatnaşyklary gözlemek baradaky tekliplerini goldadylar hem-de bu ugurda pikirlerini we tekliplerini paýlaşdylar.

Duşuşygyň netijesinde taraplar BMG-niň Türkmenistanda, şol sanda Merkezi Aziýa sebitinde ýöriteleşdirilen maksatnamalarynyň işini güýçlendirmek barada ylalaşdylar.

Ýene degişli makalalar

BMG Türkmenistana bosgunlary kabul etmek boýunça ýardam edýär
1995-nji ýyldan bäri 27 müňden gowrak adam Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edildi
BMG-NIŇ BOSGUNLAR BOÝUNÇA ÝOKARY KOMISSARYNYŇ MÜDIRLIGINIŇ SEBIT WEKILI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
Aşgabatda oskarly filmleriň sazlarynyň konserti geçirildi
64 oýunlyk tomaşa başlaýar haýsy ýygyndy çempion bolar?
Kim, haçan oýlap tapdy?