BMG Türkmenistana bosgunlary kabul etmek boýunça ýardam edýär

BMG Türkmenistana bosgunlary kabul etmek boýunça ýardam edýär

Bu barada BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissarynyň Müdirliginiň Merkezi Aziýa boýunça wekili Hans Fridrih Şodder mälim etdi diýip, Trend habar berýär.

1995-nji ýyldan bäri BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissarynyň Müdirligi Türkmenistana bosgunlary kabul etmek boýunça mümkinçiligini artdyrmakda, olary derejelendirmekde, kömek etmekde, goramakda we olaryň jemgyýete goşulyp gitmeginde ýardam edýär. Şeýlelikde, Türkmenistan birnäçe müň bosgunlary kabul edip, olaryň goragy we jemgyýete goşulyp gitmegini üpjün etdi.

Bosgunlaryň esasy bölegi Owganystandan bolupdy diýip, BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissarynyň Müdirliginiň wekili aýtdy.

Ol raýatsyzlygy aradan aýyrmak boýunça guramanyň Türkmenistan bilen işjeň iş alyp barýandygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, ol 2019-njy ýylyň ýanwarynda Türkmenistanda raýatsyzlyk ýagdaýyny ýok etmek boýunça hereketleriň Milli meýilnamasynyň kabul edilendigini hem belledi.

BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissarynyň Müdirligi BMG-niň Baş Assembleýasy tarapyndan bosgunlara goldaw bermek hem-de olar bilen bagly ýagdaýlara gözegçilik etmek maksady bilen döredildi. Gurama, şeýle hem, Türkmenistana we beýleki ýurtlara raýatsyzlygy ýüze çykarmakda, öňüni almakda we azaltmakda, şeýle hem raýatlygy bolmadyk adamlary goramakda goldaw bermek tabşyryldy diýip, Guramanyň wekili aýtdy.

Ýene degişli makalalar

1995-nji ýyldan bäri 27 müňden gowrak adam Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edildi
Türkmenistanyň BMG-niň gurluşlary bilen hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy
BMG-NIŇ BOSGUNLAR BOÝUNÇA ÝOKARY KOMISSARYNYŇ MÜDIRLIGINIŇ SEBIT WEKILI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissarynyň müdürliginiň ýerine ýetiriji komitetiniň mejlisine gatnaşýar
2024-nji ýylda Türkmenistanda raýatsyzlygy ýok etmek boýunça sebitleýin maslahat geçiriler
Araly halas etmegiň Halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Sammiti geçiriler