BMG-NIŇ BOSGUNLAR BOÝUNÇA ÝOKARY KOMISSARYNYŇ MÜDIRLIGINIŇ SEBIT WEKILI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

BMG-NIŇ BOSGUNLAR BOÝUNÇA ÝOKARY KOMISSARYNYŇ MÜDIRLIGINIŇ SEBIT WEKILI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2023-nji ýylyň 19-njy aprelinde, Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BMG-niň bosgunlaryň işleri boýunça Ýokary Komissarynyň müdirliginiň Merkezi Aziýa boýunça sebit wekili Hans Fridrih Şodder bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan BMG-niň bosgunlaryň işleri boýunça Ýokary Komissarynyň müdirliginiň ulgamynyň bosgunlaryň we apatritleriň meselelerine degişli esasgoýujy halkara-hukuk resminamalarynyň aglabasyna gatnaşmak bilen, iş ýüzünde üstüne alan halkara borçnamalaryna ygrarlydygyny tassyklaýar. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň Hökümeti bilen BMG-niň bosgunlaryň işleri boýunça Ýokary Komissarynyň müdirliginiň Merkezi Aziýa boýunça sebit wekilhanasynyň arasynda bilelikdäki Ýyllyk iş meýilnamalarynyň üstünlikli amala aşyrylýandygy bellendi.

Ministriň orunbasarynyň nygtamagyna görä, Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan meseleleriniň biri ol hem raýatsyzlygy ýok etmek meseleleri bolup durýar. Bu bolsa, BMG-niň bosgunlaryň işleri boýunça Ýokary Komissarynyň müdirliginiň raýatsyzlygy ýok etmekligiň «#I Belong» global çäresiniň çäklerinde 2014-2024-nji ýyllar üçin yglan edilen onýyllyk çagyryşyna doly laýyk gelýär.

Şeýle hem Türkmenistanyň 2019-njy ýylda 2019-2024-nji ýyllar üçin raýatsyzlygy ýok etmek boýunça Hereketleriň milli meýilnamasynyň kabul edilendigi bellendi. Milli strategiýany amala aşyrmaklyga bu gün döwlet düzümler, BMG-niň agentlikleri, halkara guramalar, raýat jemgyýetçiligi işjeň gatnaşýar. Şeýle işiň netijesinde, soňky ýyllaryň dowamynda Türkmenistan 30 müňe golaý bosgunlara hem-de raýatlylygy bolmadyk adamlara raýatlyk berdi.

BMG-niň bosgunlar boýunça Ýokary Komissarynyň müdirliginiň Sebit wekili, öz gezeginde, Türkmenistanyň Guramanyň çäklerinde alyp barýan netijeli işini nygtamak bilen, raýatsyzlara pasport gowşurmak boýunça geçirilen çäreleri goldady.

Ýene degişli makalalar

BMG Türkmenistana bosgunlary kabul etmek boýunça ýardam edýär
Türkmenistanyň BMG-niň gurluşlary bilen hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy
1995-nji ýyldan bäri 27 müňden gowrak adam Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edildi
Aşgabatda oskarly filmleriň sazlarynyň konserti geçirildi
64 oýunlyk tomaşa başlaýar haýsy ýygyndy çempion bolar?
Kim, haçan oýlap tapdy?