Türkmenistanyň halk bagşysy Gurbandurdy Jeňow (1923-1995) 100 ýyllygy

Türkmenistanyň halk bagşysy Gurbandurdy Jeňow (1923-1995) 100 ýyllygy

Gurbandurdy Jeňow 1923-nji ýylyň ýaz aýlarynda, Ahal welaýatynyň Abadan şäherini (häzirki Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etraby) etekläp oturan Garadaşaýak obasynda dünýä inýär.Büzmeýin, Gökdepe sebitlerinde göreş tutanda ýagyrnysy ýere degmedik Jeň pälwanyň öýi mydama gelim-gidimli bolupdyr.

Myhmanlaryň arasynda bagşy-sazandalar hem az bolmandyr.Häli-şindi aýdylýan aýdymlar, çalynýan sazlar, gyzykly söhbetler Gurbandurdyny çagalykdan sungat ýoluna atarýar.Uly höwesi, özboluşly zehini, täsin sesi bilen deň-duşlaryndan saýlanyp ugran ýigdekçe kyrkynjy ýyllaryň ortalarynda Türkmen döwlet filarmoniýasyna baryp, Şamyrat Gurbannepesow, Hojamämmet Täçmämmedow, Ýagdy Mämmetliýew, Sapar Mämiýew, Nurmyrat Annaýew, Geldimämmet Orazgulyýew, Jepbar Hansähedow ýaly ýaşlar bilen bir hatarda işe başlaýar.

Filarmoniýanyň bagşy-sazandalaryndan düzülen ýörite toparlar şol döwürlerde häli-şindi dürli etraplarda, obalarda bolup, köpçülige hezil berer ekenler.Gündizlerine işläp ýadan adamlar agşamlaryna klublara ýygnanyp, aýdym-saz diňlär ekenler.

Bagşyçylyk hünärine şeýle çykyşlarda ezberlenen Gurbandurdynyň ussatlygy kämilleşip, ady il gezip ugraýar.Ilhalar bagşy bolmak üçin dürli bagşyçylyk ýollaryna beletligiň, dutara diýeniňi etdirip, çylşyrymly sazlary öwrenmegiň zerurdygyna ir düşünen Gurbandurdy Magtymguly Garly, Garly bagşy, Girman bagşy, Sahy Jepbar, Mylly Täçmyrat, Pürli Sary ýaly halypalary ýadawsyz diňleýär, öwrenýär.

Soňam şol ussatlaryň del zatlaryny öwrümlerini, bezeglerini özleşdirip, ýerine ýetirijiligine siňdirýär. Şeýdibem, dürli bagşyçylyk däplerine döredijilikli çemeleşen Gurbandurdy döwrüň atly bagşylarynyň hataryna goşulýar.Onuň özboluşly hörpde aýdan Pagtaçy gözel, Hemraýym, Aýa meňzär, Sona gelin, Leýli gelin ýaly ilkinji aýdym ýazgylary 50-nji ýyllarda Türkmen radiosynyň altyn hazynasyna kabul edilýär.

Gurbandurdy Jeňowyň dürli ýyllarda aýdan aýdymlaryna siňe ser salsaň, özboluşly hörpde ýerine ýetiren şol aýdymlarynda milli bagşyçylyk sungatymyzyň dürli şahalarynyň tapawutly aýratynlyklaryny mese-mälim duýmak bolýar. Garly bagşynyň pessaýdan saldamly owazyny, Çuwal bagşynyň kesgitli, pert-pert öwrümlerini, Girman bagşynyň okgunly depginlerini, Sahy bagşynyň göçgünli heňlerini ýadyňa salýan birgiden aýdymlary onuň ýokary ussatlygyna şaýatlyk edýär.

Ýigitlik çagyndan tä hormatly dynç alşa çykýança, Türkmen döwlet filarmoniýasynda bagşyçylyk eden Gurbandurdy Jeňowyň halypaçylyk täsirini Nurýagdy Baýramow, Dörtguly Durdyýew, Mäne Garaýew ýaly Türkmenistanyň halk artisti diýen ady alan birgiden bagşylaryň aýdymlaryndanam duýmak bolýar.

Onuň Oraz Sary, Çary Gurbanow ýaly ussat gyjakçylaryň, Jepbar Hansähedow, Çary Täçmämmedow kimin ezber dutarçylaryň sazandarlyk etmeklerinde aýdan aýdymlarynyň ýazgylaryny, ilki Mylly Täçmyrat, Pürli Sary, Sahy Jepbar dagy diňläp, ak ýol arzuw edipdirler.

Beýik Garaşsyzlygymyzyň ilkinji ýyllarynda Türkmenistanyň halk artisti diýen belent ada mynasyp bolan Gurbandurdy Jeňow 1995-nji ýylyň maý aýynda aradan çykýar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Çalsana, bagşy! bäsleşigine gatnaşyjylary gutlady
Türkmeniň Altyn asyry bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi. Olara altyn zynjyrlar we umumylykda 654 müň manada golaý möçberde pul baýraklary gowşuryldy
Türkmenistanyň halk bagşysy Patyşaguly Girmanow (1933-2012)
Saýra, dutar, parahatlyk mukamy!
Kompozitor Aşyr Kulyýewiň doglan gününiň 100 ýyllygyna
"Türkmenistanda aýdym-saz senedi syýasatlaşdyrylýar"