BSGG yssydan goranmagyň usullaryny maslahat berdi

BSGG yssydan goranmagyň usullaryny maslahat berdi

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) Ýewropa sebit edarasynyň başlygy Hans Klýuge 2023-nji we geljek ýyllaryň synlamalaryň bütin taryhynda iň yssy boljakdygyny duýduryp, yssydan goranmagyň ýollaryny salgy berdi. Bu barada BMG-niň metbugat gullugy Nature ylmy neşirine salgylanyp habar berdi diýip, Gazeta.ru ýazýar.

Makalada geçen ýylda yssynyň Ýewropada 60 müňden gowrak adamyň heläk bolmagyna getirendigi ýazylýar, bu alymlaryň çaklamalaryndan üç esse köpdür.

BSGG-da howanyň gysgamöhletleýin maglumatyny yzarlamak we häkimiýetleriň görkezmelerine eýermek maslahat berilýär. Şeýle-de serginlediji suwy köp içmeli we yssyda köçä çykmaly däl, çagalarydyr öý haýwanlaryny ulaglaryň ýanynda galdyrmaly däl.

Şeýle-de ýaşaýyş öýüni gyzmakdan goramaly, tutulary germeli we gijelerine penjiräni açmaly däl.

Ýene degişli makalalar

BSGG Ýewropada 2000-nji ýyldan bäri çakdanaşa yssy sebäpli pida bolýanlaryň artandygyny habar berdi
BSGG: Ýewropada her gün ýürek-damar kesellerinden 10 müň adam heläk bolýar
Alymlar uçýan robot-garga döretdiler
Ýöremegiň ýatkeşlige oňyn täsiri
Äpet buz döwüler
Alymlar howadan ýangyç öndürýän enjam döretdiler