Ýöremegiň ýatkeşlige oňyn täsiri

Amerikan alymlary yzygiderli ýöremegiň ýatkeşlige oňyn täsir edýändigini anykladylar.ABŞ-nyň Massaçusets ştatyndaky Mass General Brigham hassahanasynyň lukmanlary 50-90 ýaş aralygyndaky adamlarda 14 ýyllap barlag geçirdiler.

Jemi 296 adamyň gatnaşan barlagynda gatnaşyjylaryň her gün näçeräk ýol ýörändikleri hasaba alyndy.Netijede, has köp ýöreýänleriň beýnisiniň işjeňliginiň ýokarydygy ýüze çykaryldy.Adatça, her gün 10 müň ädim ýöremek maslahat berilýän hem bolsa, geçirilen barlagda her gün 3-5 müň aralygynda ädim äden adamlarda ýatkeşligiň ortaça 3 ýyl, 5-7 müň ädim ýöränlerde 7 ýyl giç ýitip başlaýandygy anyklandy.

Nature Medicine žurnalynda çap edilen ylmy barlag baradaky işiň awtordaşy Wai Ýin Wendi ylmy işiň netijeleriniň az maşk etmegiň hem peýdalydygyny ýüze çykarandygyny belleýär.

Gülbahar ANNAMYRADOWA,

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň iç keselleriniň propedewtikasy kafedrasynyň assistenti.

Ýene degişli makalalar

Nýu-Ýorkda koronawirusyň syrly görnüşleri tapyldy
Marsda suwuň we şemalyň bolandygy barada täze subutnamalar tapyldy
Marsda suwuň we ýeliň bardygynyň täze subutnamalary tapyldy
“Akmaýanyň ýolunyň” ýaşy hasap edilişinden uly bolup çykdy
Obalylar giňişlikde oňat ýol tapýarlar
Süýrenijileriň 21 göterimine ýok bolmak howpy abanýar