Nýu-Ýorkda koronawirusyň syrly görnüşleri tapyldy

Nýu-Ýorkda koronawirusyň syrly görnüşleri tapyldy

Nýu-Ýorkuň akdyrylýan hapa suwlarynda Missuri uniwersitetiniň hünärmenleriniň ýolbaşçylygyndaky alymlar SARS-CoV-2-niň öň näbelli bolan azyndan dört sany görnüşini tapdylar. Olar bu barada maglumatlary “Nature Communications” žurnalyndaky makalada ýerleşdirdiler diýip, Gazeta.ru habar berýär.

Nýu-Ýorkdaky hapa suwlaryň nusgasy 2020-nji ýylyň tomsundan bäri alynýardy. Gözlegçiler 2021-nji ýyldaky nusgalarda belli bolan görnüşlere häsiýetli bolmadyk mutasiýalar bilen wirus görnüşlerini tapdylar. Ähli mutasiýa wirus genomynyň şol bir ýerine degişlidi.

Adamlarda tapylan görnüşler ýüze çykarylmady.Gözlegçileriň pikiriçe, bu ýagdaýda gürrüň haýwanlaryň, ähtimal, Nýu-Ýorkuň kanalizasiýa ulgamynda ýaşaýan alakalaryň arasynda wirusyň ýaýramagy netijesinde ýüze çykan mutasiýalar barada gidýär.SARS-CoV-2 haýwanlardan adamlara geçdi, indi bolsa ters proses bolup geçdi wirusyň “adam” görnüşleri haýwanlaryň arasynda ýaýrady we olaryň organizminde ewolýusiýany geçirdi.

Olaryň adam üçin näderejede ýokuşagan bolup biljekdigi heniz belli däl.

Ýene degişli makalalar

Süýji keselini doly bejerdiler
Ysraýyl, Gaza Guraýan Hüjümlerini Dowam Etdirýär
Rostowly ýiten balykçylaryň gaýygynyň ýanynda ýanýan şar göründi
Türkmenistan bilen Eýranyň Baştutanlarynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy, Türkmenbaşy we Balkanabatda S7 awiakompaniýasynyň petekleriniň satuwy ýola goýuldy, Türkmenistanyň wekili ilkinji gezek Aziýanyň Tennis federasiýasynyň direktorlar ge
Taýlantda fabrikleriň birinde partlama boldy
Ermenistanda Partlama Boldy
Dekabrda Dragon Oil Hazaryň türkmen bölegindäki 19-njy bloguň ilkinji guýusynda gözleg işlerine başlar