Süýrenijileriň 21 göterimine ýok bolmak howpy abanýar

Süýrenijileriň 21 göterimine ýok bolmak howpy abanýar

Russiýaly we halkara ekologlary süýrenijileriň 10 müňden gowragynyň köpeliş ýagdaýyny seljermek bilen olaryň takmynan 21 göterimine planetadan ýitip-ýok bolmak howpunyň abanýandygy barada netijä geldiler.

“NatureServe” tebigaty goraýyş guramasynyň metbugat gullugynyň maglumatlaryna görä, munuň sebäbi süýrenijileriň sanynyň we olaryň ýaşaýan ýerleriniň birden azalmagy bilen baglydyr.

Ýer ýüzünde altynjy köpçülikleýin gyrylma hadysasynyň başlandygy barada alymlar mundan ýedi ýyl öň yglan etdiler.Olaryň hasaplamalaryna görä, adamyň tebigata işjeň täsir edip başlany bäri, süýdemdirijileriň we beýleki jandarlaryň ýitip ýok bolmagynyň depgini 114 esse çaltlandy, bu edil dinozawrlar eýýamynda floranyň we faunanyň dürli görnüşleriniň gyrylmagynyň depgini bilen deňdir. Şunlukda häzir Ýerde her bäşinji süýrenijä ýok bolmak howpy abanýar.

Olardan tokaýlarda ýaşaýan görnüşleriň tas 30 göterimine şeýle howp degişlidir, çöllerde we ýarym çöllüklerde ýaşaýan görnüşleriň 14 göterimine-de şeýle howp abanýar. Şunda pyşbaga we krokodil süýrenijiler has köp, ýylanlardyr çüňk kelleli süýrenijiler bolsa az ejir çekdi.

Süýrenijileriň, esasan, Ekwatorial Afrikada, Günorta we Gündogar Aziýada ýaşaýan görnüşlerine has uly howp abanýar diýip, alymlar belleýärler. Bu hakynda TASS ýazýar.

Ýene degişli makalalar

Ekwatorial Gwineýanyň paýtagty göçürildi
Nýu-Ýorkda koronawirusyň syrly görnüşleri tapyldy
Marsda suwuň we şemalyň bolandygy barada täze subutnamalar tapyldy
Marsda suwuň we ýeliň bardygynyň täze subutnamalary tapyldy
“Akmaýanyň ýolunyň” ýaşy hasap edilişinden uly bolup çykdy
Obalylar giňişlikde oňat ýol tapýarlar