“Al-Amal” Marsyň orbitasyna girdi

Birleşen Arap Emirlikleriniň Mars planetasy üçin taýýarlan ilkinji maksatnamasynyň çäklerinde geçen ýyl uçurylan “Al-Amal” kosmos enjamynyň Gyzyl planetanyň orbitasyna girendigi habar berildi.Kosmos enjamy 204 günde 494 million km-den gowrak aralygy külterläp Marsyň bellenen orbitasyna ýerleşdi.

Enjam bu planetanyň atmosferasy we howasy barada maglumat toplamaga ýardam eder. Ýurt ylym we tehnologiya babatda ösüşlerini artdyryp, girdejisiniň nebite garaşlylygyny azaltmagy maksat edinýär.Bu maksatnamanyň bahasynyň 200 million dollar bolandygy mälim edildi.

Enjamyň Gyzyl planetanyň orbitasyna girmek üçin tizligini sagatda 121 müň km-den 18 müň km-e çenli peseldendigi habar berilýär. “Al-Amal” zondy geçen ýylyň iýul aýynda Ýaponiýanyň Tanegasima adasyndaky kosmodromdan “H-IIA” göteriji raketasyna berkidilip kosmosa uçuryldy.

Bu planetara stansiýasy Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) hünärmenleri tarapyndan doly işlenip düzüldi we ýygnaldy.BAE-niň wise-prezidenti we Premýer-ministri Muhammet ben Reşid Al-Maktum Missiýa üstünlikli ýerine ýetirildi – diýip aýtdy. Şeýle-de ol ýurduny we ähli halkyny bu möhüm waka bilen gutlady.

ABŞ, Russiýa, Ýewropa Bileleşigi we Hindistandan soň BAE Gün ulgamynyň dördünji planetasyna baryp ýeten bäşinji ýurt boldy. Maglumatlara görä, indi “Al-Amal” Marsyň atmosferasyny öwrenmäge girişer. Zond aýratyn elliptik orbita çykarylar, bu bolsa oňa pasyllar üýtgände we ägirt uly tozan tupanlary göterilende planetanyň howasyny içgin öwrenmäge mümkinçilik berer.

The post “Al-Amal” Marsyň orbitasyna girdi appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

Expo 2020 sergisine taýýarlyk görülýär
Dünýä habarlary gysga setirlerde
Halkara awiasiýa sergisi
04.09.2017 | Gurban baýramy mynasybetli hormatly Prezidentimizi daşary ýurtly ýolbaşçylar gutlaýarlar
Daşary ýurtly syýasatçylar milli Liderimiziň adyna gutlaglaryny iberýärler
14.03.2018 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow resmi sapar bilen Abu-Dabi şäherine geldi