Saud Arabystanynyň Al-Nassr futbol topary AFK-nyň II Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynyň birinji duşuşygynda Türkmenistanyň Arkadag futbol topary bilen oýnamak üçin Aşgabada özüniň ýyldyz oýunçylary bolan Kriştianu Ronaldu, Žoau Feliks, Sadio Mane, Kingsli Koman, Inýigo Martines we Marselo Brozowiçsiz geldi.
Bu barada duşuşygyň öňüsyrasyndaky metbugat maslahatynda mälim boldy.Maslahata toparyň baş tälimçisi Žorže Žezuş derwezeban Bento Mateus Krepski bilen gatnaşdy.Olimpiýa stadionyndaky giň maslahatlar zalyna giren 71 ýaşly belli portugaliýaly hünärmen žurnalistler bilen türkmen dilinde: Salam aleýkum!
diýip salamlaşdy.Emma soňra şeýle diýdi: Men iňlis dilinde gürlemeýärin.Portugal dilinde gürlärin.Biz Aşgabada Saud Arabystanynyň futbolyna wekilçilik etmäge geldik.Howa menzilden gaýdyşyn owadan Aşgabady gördük. Öňümizde bize kyn oýun garaşýar, ýöne biz oňa taýýar.
AFK-nyň II Çempionlar ligasynyň utulan-çykdy tapgyrynyň duşuşygy üçin Al-Nassr toparyň esasy oýunçylarynyň Aşgabada gelmezliginiň sebäpleri baradaky soraga tälimçi şeýle jogap berdi: Bu Kriştianu Ronaldunyň Saud Arabystanyndan daşarda geçirilýän oýunlara gatnaşmaýan ilkinji gezegi däl.
Biz içerki çempionatymyzyň has möhüm oýunlary üçin beýleki ýyldyz oýunçylarymyz ýaly, onuň hem güýjüni tygşytlamalydyrys.Al-Nassr topary Saud Arabystanynyň çempionatyndaky indiki duşuşygyny 14-nji fewralda Al-Fateh toparyna garşy geçirer.
Bu duşuşyk 18-nji fewralda Er-Riýadda Arkadag topary bilen boljak jogap duşuşygynyň öňüsyrasynda bolar.Duşuşygyň öňüsyrasyndaky metbugat maslahatynda Altyn asyr elektron gazetiniň habarçysy hem myhman toparyň baş tälimçisine sowal bilen ýüzlendi.
Habarçy belli hünärmeniň üç ýylyň içinde AFK-nyň II Çempionlar ligasynyň utulan-çykdy tapgyryna çenli ýeten Arkadag toparynyň çalt depginli ösüşine nähili baha berýändigi bilen gyzyklandy.Biz Arkadag futbol toparynyň golaýda döredilendigini, onuň örän ýaş topardygyny bilýäris.
Biz futbolçylaryň oýun stilini, olaryň goranyşda we hüjümde nähili hereket edýändiklerini, beýleki käbir aýratynlyklary öwrendik we oýna gowy taýýarlanmaga çalyşarys.Bu biziň üçin örän agyr oýun bolar diýip, Žorže Žezuş jogap berdi.
Al-Nassr toparynyň derwezebany Bento Mateus Krepski hem Arkadag topary bilen boljak duşuşyk baradaky garaýyşlaryny žurnalistler bilen paýlaşdy.Her bir oýunçy, şol sanda men hem, oýna özüçe taýýarlanýar we ýeňiş gazanmak isleýär.
Biz garşydaşymyzyň oýunlaryny öwrenmäge ýetişdik.Duşuşyk aňsat bolmaz diýip garaşýarys. Ýöne biz oňa taýýar diýip, Saud Arabystanynyň toparynyň derwezebany belledi.Kriştianu Ronalda we beýleki esasy oýunçylaryna dynç beren Al-Nassr ätiýaçlyk düzümi bilen giç agşamda Aşgabada geldi we oýun geçiriljek Olimpiýa stadionynda türgenleşik geçmezlik kararyna geldi.
