“Arkadag” bilen “Al-Nassr” toparlarynyň duşuşyklarynyň geçiriljek wagty mälim edildi

“Arkadag” bilen “Al-Nassr” toparlarynyň duşuşyklarynyň geçiriljek wagty mälim edildi

AFK Çempionlar Ligasy 2 ýaryşynda 1/8 finalyň bijeleri hepdäniň sişenbe güni çekilipdi. Şol bijä laýyklykda ýurdumyzyň wekili “Arkadag” toparynyň bijesine-de Saud Arabystanynyň “Al-Nassr” topary düşüpdi.

Häzirki wagtda Saud Arabystanynyň çempionatynda 12 oýundan soň 11 ýeňiş, 1 deňlik bilen 1-nji orunda barýan “Al-Nassr” toparynyň düzüminde Kristiano Ronaldo, Žoao Feliks, Sadio Mane, Kingsli Koman, Inýigo Martines, Marselo Brozowiç ýaly dünýä belli ýyldyz futbolçylar çykyş edýär.

AFK duşuşyklaryň geçiriljek takyk wagtyny mälim etdi. Şeýlelikde, “Arkadag” topary bilen “Al-Nassr” toparynyň arasyndaky 1-nji oýun 11-nji fewralda, çarşenbe güni Arkadag şäherindäki “Arkadag” stadionynda oýnalar.

Duşuşyk 18:45-de başlanar.Jogap duşuşygy bolsa laýyk 1 hepdeden 18-nji fewralda, Saud Arabystanynyň paýtagty Er-Riýaddaky “King Saud University” stadionynda oýnalyp, ol ýerli wagt bilen 21:15-de başlanar.

Ýene degişli makalalar

Arkadag topary AFK-nyň 2-nji Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynda Kriştianu Ronaldunyň çykyş edýän Al-Nasr topary bilen duşuşar
Kriştianu Ronaldu Al-Nassr bilen Arkadag toparlarynyň arasyndaky jogap duşuşygyna taýýarlanýar
Al-Nassr futbol topary Aşgabada ýyldyz oýunçylaryny goýup geldi
Arkadag topary AFK-nyň II Çempionlar ligasynyň ýaryşynda ilkinji möwsümini tamamlady
'Arkadagyň' Riýaddaky oýnuna ugradyljak türkmen janköýerleri saýlanýar
Aşgabatda 'Arkadag'-'Al-Nassr' futbol öýny geçer, Ronaldo Türkmenistana barmady