Al-Nassr topary Aziýa ýaryşlarynda türkmen futbolçylary bilen üçünji gezek duşuşar

Al-Nassr topary Aziýa ýaryşlarynda türkmen futbolçylary bilen üçünji gezek duşuşar

Aşgabatdaky AFK-nyň II Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynyň ilkinji duşuşygy Saud Arabystanynyň Al-Nassr topary bilen türkmen toparynyň taryhda üçünji duşuşygy bolar.Ilkinji duşuşyk 1995-nji ýylda Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň ýurtlarynyň çempionlary üçin baş baýrak ugrundaky 15-nji ýaryşyň çäklerinde geçirildi. Şonda, 31 ýyl mundan ozal yklymyň toparlaryň arasynda geçirilýän baş ýaryşynda Türkmenistana wekilçilik eden şol wagt ýurduň üç gezek çempiony Aşgabadyň Köpetdag topary ýaryşyň çärýek final tapgyryna çenli ýetdi.

Ol tapgyr toparlaryň dördüsiniň Kataryň Al-Arabi, Eýranyň Saýpy, Saud Arabystanynyň Al-Nassr hem-de Türkmenistanyň Köpetdag toparlarynyň gatnaşmagynda Er-Riýad şäherinde geçirilipdi.Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Baýram Durdyýewiň ýolbaşçylyk edýän Köpetdag topary birinji oýunda dartgynly duşuşykda Saýpy toparyndan 0:1 hasabynda ýeňilipdi, ikinji duşuşygynda Al-Arabi topary bilen 2:2 hasabynda deňme-deň oýnapdy, üçünji duşuşykda bolsa Al-Nassr toparyndan 0:1 hasabynda ýeňlip, abraýly ýaryşda Aziýanyň iň oňat toparlarynyň sekizsiniň hatarynda çykyşyny tamamlapdy. Şol netije häzire çenli Aziýa ýurtlarynyň çempionlarynyň esasy yklym ýaryşynda beýleki türkmen toparlarynyň hiç biri tarapyndan ýetilmedik görkeziji bolmagynda galýar.

Köpetdag toparynyň Al-Nassr topary bilen indiki duşuşygy 1998-nji ýylyň 10-njy aprelinde Kubok eýeleriniň kubogy ugrundaky 8-nji ýaryşyň ýarym finalynda gabat geldi. Şol wagt Aziýanyň toparlarynyň arasyndaky ýaryşyň ikinji derejesi şeýle atlandyrylýardy.

Duşuşyk Er-Riýadda Saud Arabystanynyň patyşasy Fahdyň 70 müň orunlyk stadionynda geçirildi.Köpetdag topary bilen duşuşygyň öňýanynda, braziliýaly tälimçi Fernandesiň ýolbaşçylyk edýän ýer eýeleri öz düzümini ep-esli berkidipdi.

Al-Nassr toparynyň düzüminde 200 müň ABŞ dollaryna ýarym finalda we finalda oýnamaga ylalaşan Barselona toparyndaky çykyşlary bilen meşhur bolan 32 ýaşly bolgariýaly ussat oýunçy Hristo Stoiçkow, şeýle hem Kataryň ýygyndysynyň hüjümçisi Mohammet Salem Al-Anzi peýda bolupdy.

Köpetdag topary Saud Arabystanynyň meşhur toparynyň garşysyna mynasyp oýnap, ondan ýene-de bir pökgi tapawut bilen 1:2 hasabynda ýeňildi.Indi ykbal ýene-de Türkmenistanyň häzirki üç gezek çempiony Arkadag toparyny AFK-nyň II Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynda Al-Nassr topary bilen duşurdy.

Altyn pökginiň bäş gezek eýesi Kriştiano Ronaldu bilen birlikde daşary ýurtlaryň birnäçe ýyldyzlaryny özünde jemleýän saud Arabystanynyň topary ýaryşyň baş baýragynyň esasy dalaşgäri bolup durýar.Düzüminde diňe ýerli futbolçylar çykyş edýän Arkadag topary bolsa Aziýanyň toparlarynyň ikinji derejeli ýaryşynda ilkinji gezek çykyş edýär.

Arkadag futbol topary Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen 2023-nji ýylda döredildi we gysga wagtyň içinde türkmen futbolynyň hakyky öňdebaryjysyna öwrüldi. Üç ýylda topar içerki ýaryşda hiç hili ýeňlişe sezewar bolman futbol boýunça çempionatynda, Türkmenistanyň Kubogy we Naýbaşy Kubogy ugrundaky ýaryşlarda ýeňiji boldy.

Geçen ýyl Arkadag topary AFK-nyň Çagyryş ligasynyň Aziýanyň toparlarynyň ähmiýeti boýunça üçünji ýaryşynda kubogy eýeläp, halkara derejesinde üstünlik gazandy.Wladimir Baýramowyň türgenleri finalda Kambojanyň Preah Khan Reach Svay Rieng toparyny 2:1 hasabynda ýeňdiler.

Bu bolsa toparyň taryhynda möhüm waka boldy.AFK-nyň II Çempionlar ligasynyň utulan çykdy ýaryşynyň öňýanynda Arkadag futbol topary Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň üçüsi bilen şertnamalara gol çekendigini yglan etdi.

Geçen möwsümde Gyrgyzystanyň Garabaltyn şäheriniň Gygyzaltyn toparynda çykyş eden 25 ýaşly ýarym goragçy Meýlis Diniýew, şeýle hem Köpetdag toparynyň 22 ýaşly hüjümçisi Daýanç Meredow we Altyn Asyr toparyň 24 ýaşly hüjümçisi Rahman Myratberdiýew toparyň düzümine goşuldylar. Şundan soň Arkadag futbol toparynyň gymmaty 2.88 mln. ýewrodan 3.15 mln. ýewro çenli ýokarlandy.

Bilermenleriň pikirine görä, Al-Nassr topary bilen iki gezek geçirilmeli duşuşyk munuň özi Arkadag topary üçin yklymyň ýokary derejeli toparlarynyň biriniň garşysyna öz güýjüni synap görmek hem-de halkara derejesinde özüni ýene-de tanatmak üçin taryhy mümkinçilikdir.

Duşuşygyň netijesiniň nähili boljakdygyna garamazdan ol eýýäm türkmen futbolynyň taryhyna girip, milli buýsanja öwrüldi.Olimpiýa stadionynyň tomaşaçylardan doljakdygyna, duşuşyga bolan gyzyklanmanyň bolsa ýurdumyzyň çäklerinden çykjakdygyna garaşylýar.

Ýene degişli makalalar

Arkadag topary AFK-nyň II Çempionlar ligasynyň ýaryşynda ilkinji möwsümini tamamlady
5-nji dekabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Arkadag we Altyn asyr toparlary 2026-njy ýyldaky Türkmenistanyň futbol boýunça çempionatyna uly ýeňişler bilen başladylar
Türkmenistanyň milli ýygyndysy “D” toparçada çykyş eder
“Arkadag” bilen “Al-Nassr” toparlarynyň duşuşyklarynyň geçiriljek wagty mälim edildi
“Al-Nassr” toparynyň Aşgabada boljak sapary dünýä metbugatynyň ünsünde