Albaniýanyň ýygyndysy EURO 2024-e adyny ýazdyrdy

Ýewropa çempionatyna gatnaşýan ýygyndylaryň sany artmagyny dowam edýär.E toparçada 1-1 deňlikde tamamlanan duşuşyklardan soň ýene bir ýygyndy Germaniýadaky ýaryşda orun almaga hukuk gazandy.Moldowa bilen myhmançylykda 1-1 deňme-deň oýnan Albaniýanyň ýygyndysy 2016-njy ýyldan soň taryhynda 2-nji gezek Ýewropa çempionatynda çykyş eder.

Duşuşykda Albaniýanyň ýygyndysy Sokol Çikalleşiniň 25-nji minutdaky penalti goly bilen 1-0 öňe saýlandy. Ýöne oýnuň tamamlanmagyna 3 minut galanda Baboglonyň goly bilen hasaby deňledi.Bu deňlik Albaniýanyň Ýewropa çempionatyna çykmagy üçin ýeterlik bolup, moldowanlar hem gatnaşmak mümkinçiligini dowam etdirdi.

Toparçadaky beýleki oýunda-da Polşa Çehiýa duşuşygynda-da ýeňiş gazanan bolmady, ýöne polýaklar ýeňildi.Olaryň üçin EURO 2024-e gatnaşmak mümkinçiligi galmady. 38-nji minutda Piotrowskiniň goly bilen öňe geçen polýaklara çehler 49-njy minutda Souçegiň goly bilen jogap berdi.

Toparçadan çykjak 2-nji ýygyndy Çehiýanyň ýa-da Moldowanyň ýygyndysy bolar.Duşanbe güni çehler öz meýdançasynda moldowanlary kabul ederler.Duşuşykda çehlere deňlik ýeterlik bolup, moldowanlar yklym ýaryşynyň debýutanty bolmak isleýän bolsalar, olara ýeňiş gazanmak zerur bolup durýar.

Ýene degişli makalalar

Euro 2024-iň bijeleri çekildi
EURO 2024-iň bijeleri 2-nji dekabrda çekiler
2024-nji ýylda syýahat edilmeli iň gowy ýerler
Türkmenistanda gümrük gullukçylarynyň hünär etikasy boýunça sebitleýin okuw geçirilýär
15 ýurt BMG-niň adam hukuklary boýunça Geňeşine saýlandy
Albaniýa Ýewropanyň esasy nebit üpjünçisi bolmaga bil baglaýar