Albert Eýnşteýniň haty 1,2 million dollara satyldy

Albert Eýnşteýniň haty 1,2 million dollara satyldy

Albert Eýnşteýniň meşhur E = mc2 formulasyny hem öz içine alýan haty 1,243,707 dollara satyldy.

Boston şäherindäki RR bäsleşikli söwda öýünde geçirilen söwdalaşykda hatyň golýazmasynyň ilkinji bahasy hökmünde 400 müň dollar nyrh bellenildi. Ony satyn alan adamyň ady aýan edilmedi. Bu haty 1946-njy ýylda Eýnşteýn fizik Ludwik Silberşteýne ugradypdy.

Kommersantyň habaryna görä, hatda massanyň we energiýanyň ekwiwalentligini görkezýän E = mc2 formulasy görkezildi.

Ýene degişli makalalar

Dünýäniň iň uly teleskopynyň gurluşygyna başlandy
Futboluň şasy aradan çykdy
Pele Soňky Ýoluna Ugradylýar
Türkmen maşgalasynda çaga terbiýesi, çagalar bilen bagly däp-dessurlar we toýlar
Paýhaslar düwünçegi
Paýhaslar