Türkmen maşgalasynda çaga terbiýesi, çagalar bilen bagly däp-dessurlar we toýlar

Türkmen maşgalasynda çaga terbiýesi, çagalar bilen bagly däp-dessurlar we toýlar

Çagalaryň jokrama yssyda zähmet çekýänini göreniňde juda haýpyň gelýär diýip, bir maryly ýaşaýjy iýunyň aýagynda Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

Şu günler Türkmenistanda mekdep okuwçylarynyň tomusky dynç alyş möwsümi dowam edýän mahaly, habarçylarymyz dynç alyş döwründe, yssy howada, açyk meýdanda suw, çal, ýa-da gawun-garpyz satýan çagalar, ýa-da kanikul döwründe lagerlerde dynç alýan körpeler barada habar berdiler.

Bu aralykda, Türkmenistanyň hökümeti iýunyň soňky hepdesinde “Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2023-2028-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasyny” tassyklady.

Türkmenistanda çagalaryň hukuklary we olaryň tomusky dynç alyş möwsümi barasyndaky aktual habarlaryň fonunda, Dünýä Türkmenleriniň şu sany türkmen maşgalasynda çaga terbiýesine, çagalar bilen bagly däp-dessurlara we toýlara gönükdirilýär.

“Türkmenlerde edep bakydyr diýip bellenişi ýaly, edepli maşgalada edepli perzentler önüp-ösýär. Perzendiň dürli ýaşda, dürli döwürde terbiýesine aýratyn üns bermeli döwürleri bolupdyr. Ene-ata çagasynyň her bir hereketini gözden salmandyr” diýip, Türkmenistanyň Neşirýat gullugy tarapyndan 2018-nji ýylda çap edilen etnologiýa boýunça ýokary okuw gollanmasynda aýdylýar.

Etnograflar türkmen maşgalalarynyň çaga terbiýesinde zähmetiň möhüm orun tutýandygyny, ýaşlaryň çagalykdan zähmete werdiş ýetişdirilýändigini aýdýarlar.

Etnograflara görä, türkmen maşgalalarynda çagalar ýaşlykdan, kiçi ýaşdan zähmete gönükdirilipdir.

“Eýýäm çaganyň eli käse tutup başlan döwründen çaga äkit-getir ýaly ýeňiljek işleri buýrup başlapdyrlar” diýip, Türkmenistanyň etnologiýasyna bagyşlanan ýokary okuw gollanmasynda aýdylýar.

Gyz çagalar kiçi ýaşdan çaga seretmek, saçagyň üstüni ýygnamak, nahar taýýarlananda ejesine kömek etmek ýaly işlere çekilipdir. On-on iki ýaşyny dolduran gyz çagalar öý işleri bilen meşgullanyp başlapdyr.

Agrar jemgyýetde ogul çagalar ýaşlykdan, dokuz-on ýaşlaryndan başlap, oba hojalyk işlerinde ene-atasyna ýardam bermek, ekinlere ideg ekmek we mal bakmak ýaly işlere çekilipdirler.

Ýöne türkmen maşgalasynda çagalaryň edep-terbiýe maksady bilen zähmete uýgunlaşdyrylmagy türkmen jemgyýetiniň çagalaryň hukuklaryny kämilleşdirmek babatynda öz üstüne alan borçlarynyň ähmiýetini gaçyrmaýar.

Ösen jemgyýetlerde çagalaryň hukuklary, hem maşgala, hem-de döwlet derejesinde kepillendirilýär.

Çaganyň öz ene-atasynyň hojalyk işlerine kömekleşmegi türkmen maşgalalarynda goldaw tapýar.

“Çaga ene-atasynyň işine kömekleşip, olaryň mährini, hormatyny gazanypdyr” diýip, türkmen etnograflary aýdýar.

Türkmen ýazyjysy we synçy Hudaýberdi Hally 12-nji iýulda Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda türkmen maşgalalarynda dünýä akyl ýetirip başlan ýaş nesilleriň kiçi-girim zähmete werdiş edilmeginiň çaganyň geljekde işjeň şahsyýet hökmünde kemala gelmegine ýardam berýändigini gürrüň berdi:

“Çaga ýaşlykdan, has takygy, eýýäm ol söze düşünip başlanyndan çagany zähmete werdiş edýärler, ýagny zähmet çekmegi öwredýärler.Sebäbi, geljekdäki durmuşyň ähli mümkinçilikleri, adamyň gazanmaly zady, diňe zähmetiň üsti bilen amala aşýar. Ýene bir bellemeli zat bar: dünýäde ägirt güýçli genial adamlar bar, meselem Albert Eýnşteýn.

Eýnşetene ýüzlensek, ol aşa işjeň bolupdyr. Şonuň üçinem, işjeňlik geljegiň kepilnamasy, uly işleriň, uly başlangyjyň kepilnamasy.Ol diňe bir çagany ezmek ýa-da çaga zähmetinden peýdalanmak däl, eýsem, çaga zähmeti öwrenip bilse, zähmet çekmegi başarsa, ol geljekde ägirt uly işlere hötde gelip bilýär”

Türkmenleriň arasynda çaga terbiýesinde däp-dessurlara, şol sanda maşgala dessurlaryna üns berlipdir. Türkmen halk ertekileriniň, hüwdüleriň we eposlaryň üsti bilen ýaş nesillere milli medeniýetiň, däp-dessurlaryň we edim-gylymyň dabarasy wasp edilipdir.

“Ata-babalarymyz tarapyndan döredilen bahasyna ýetip bolmajak ruhy gymmatlyklarymyzyň perzent terbiýesinde-de ähmiýeti örän uludyr” diýip, etnologiýa gollanmasynda aýdylýar.

Ýöne maşgalada we mekdepde edim-gylymyň, däp-dessurlaryň ýaş ösdürimleriň aňyna tankydy çemeleşmelere ýol bermezden guýulmagy, çaga aňynyň ýaşlykdan milli ynanç ulgamlary bilen tanyşmaga we olary sorag-sowalsyz kabul etmäge iterilmegi sorag döredýär.

Türkmen maşgalalarynda, etnograflaryň tassyklamagyna görä, hüwdüler, ertekiler, tymsallar, öwüt-ündewler we nakyllar çaga terbiýesinde, çagalaryň aňynda ruhy gymmatlyklaryň diri saklanylmagyna uly goşant goşupdyr.

Ýazyjy we synçy Hudaýberdi Hally çaga terbiýesiniň diňe bir ugra gönükdirilmegi bilen ylalaşmaýandygyny aýdýar we bu ýagdaýa alternatiwa hödürlemegiň zerurdygyna ynanýandygyny belleýär.

“Elbetde, çaga salgy bermek gowy.Gowy ugurlary, gowy terbiýeleri, onuň haýsy ugurlardan terbiýe aljakdygyny oňa salgy bermek gowy, ýöne çagany mejbur etmeli däl, meselem, men öz terbiýäme salgylansam, biz atasyz ösüp ulaldyk.

Daýym gelerdi öýe.Daýym her gezek gelende biziň okaýan kitaplarymyzy ýeke-ýekeden eline alyp görerdi.Soňra-da, Magtymgulyny okaň!’ diýip aýdýardy, Magtymgulyny okamaly diýýärdi.Men Magtymgulyny okaýardym. Ýöne, mydama Magtymgulyny okamak mümkin däl, onda-da çagalar üçin, ýaşlar üçin.

Ol gaty agyr.Gaty agyr.Meniň başga kitaplary okasym gelýär. Şoňa laýyklykda, hakykatdanam, diňe bir ugur boýunça çaga terbiýe berilse, onuň beýleki ugurlardaky ösüşi yza galýar. Şol ýerde çaganyň meýline seretmek gerek, ýagny ösüp gelýän ýaş nesliň meýline seretmek gerek.

Ol nämäni gowy görýär, nämäni isleýär, haýsy ugurlardan gitmek isleýär, haýsy ugurlardan terbiýe almak isleýär, şol mümkinçiliklerini çagadan aýyrmaly däl. Ýöne käbir, berk, zabun terbiýeli ata-eneler çagany şol mümkinçilikden mahrum edýär” diýip, synçy aýtdy.

Ene-atalar çagalara içerde we daşarda, öýde ýa-da myhmançylykda, toýda ýa-da ýasda özüni alyp barmagyň düzgünlerini ymykly öwredipdirler. Ilkinjilik bilen, çagalara salam bermegiň, salamlaşmagyň edebi öwredilipdir.

Maşgalada başlanýan edep sapaklary mekdeplerde dowam etdirilýär. Bir döwür Türkmenistanyň dünýewi bilim berýän orta mekdeplerinde “Edep” sapaklary girizilip, ýaş ösdürimlere edep sapaklary geçilýärdi.

Maşgalada çagalaryň edep kadalarynyň düzgünlerini birkemsiz berjaý etmegi ene-atalar tarapyndan höweslendirilýär we berekella’ aýdylýar, ýalňyşlar bolsa ýazgarylýar.

Mundan ozal, bir ýerli synçy Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde türkmen maşgalalarynda ene-atalar tarapyndan ogul-gyzlaryň şahsy garaýyşlarynyň kän bir alga alynmaýandygyny, olara onçakly ähmiýet berilmeýändigini gürrüň beripdi.

Ýazyjy Hudaýberdi Hally Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde maşgala agzalarynyň arasynda dürli pikirlilige çydamlylygyň ähmiýetini nygtady.

“Bu ýerde, elbetde, biz ýüzugra aýdyp geçýäris, ýöne hakykatda, ene-ata, ýagny çaganyň hossarlary öz pikirleriniň dogrudygyna ynanýarlar, çagalarynyň hem şol pikir boýunça gitmegini isleýärler. Ýöne, çaganyň hem isleginiň bardygyny, onuň hem bir göwün isleýän zatlarynyň bolýandygyny, onuň öz saýlajak ýollunyň bardygyny olar köp ýagdaýda nazara almaýarlar.

Hut şol sebäpden hem, çaga bilen, ýagny perzent bilen ene-atanyň arasynda garşylyk döreýär.Maşgalada näsazlyk emele gelýär. Şeýdip, öz maşgalasyny, enesini, atasyny taşlap gidýän çagalar bar, öz maşgalasyndan gaçýan ogul-gyzlar bar. Şu türkmeniň durmuşynda örän möhüm mesele.

Muňa gaty ýiti üns bermek gerek.Sebäbi, çaga-da şahsyýet.Ol ösüp gelýän bir şahs, onuň öz pikiri, öz garaýşy bar.Hökman şony nazara almak gerek” diýip, ýazyjy aýtdy.

Türkmenleriň maşgala gurluşyna laýyklykda, çagalarda ruhy gymmatlyklaryň kemala gelmeginde aýratyn-da ene-atalaryň öwüt-ündewleri has möhüm hasaplanýar we eje-kakalaryň terbiýeçilik işleri ene-ata terbiýesiniň öňüne geçip bilmeýär.

Kämil çykan ýigit we zenan maşgala özbaşdak durmuş gurup, eje-kaka bolan hem bolsalar, olaryň çagalarynyň öwüt-ündewi esasan ene-atalaryň wagyz-nesihatlary bilen baýlaşdyrylýar.

Türkmen ýazyjysy maşgalalarda duş gelinýän şeýle ýagdaýlaryň fonunda, ene-atalaryň köplenç çaga terbiýesi bilen bagly dözümsizligine, eje-kakalaryň bolsa dözümliligine ünsi çekýär.

“Çaganyň atasy we enesi, ýa-da babasy we mamasy edep babatynda çaga belli bir derejede terbiýe berip bilýär, meselem, beýle gürleme, şeýleräk gürle, ýaşulyny syla, ejeňi-kakaňy syla’ diýen ýaly. Ýöne olaryň terbiýesi aşa ýumşak bolýar. Ýöne çaga öz kakasyndan hem gönüden-göni ejesinden terbiýe alsa, olar çaga dözümli daraşyp bilýärler. Şol dözümlilik çaganyň enesinde hem atasynda, ýa-da mamasy bilen babasynda bolmaýar” diýip, synçy aýtdy.

Türkmenleriň maşgala medeniýetinde saçak, maşgala bolup naharlanmak däbi örän ähmiýetli hasaplanýar. Saçagyň başynda duza hormat, tagamy sylamak ýaly däpler çagalara öwredilipdir.

Türkmen etnograflaryna görä, şeýle däpleriň çagalaryň aňyna ornaşdyrylmagynda yrymlar we ynançlar möhüm gural hökmünde hyzmat edipdir. Meselem, saçaga, duza we çörege mukaddeslik hökmünde çemeleşilmegi dürli yrymlaryň we ynançlaryň üsti bilen çagalaryň aňyna guýlupdyr.

Türkmenlerde, meselem, ýere gaçan çörek maňlaýa sylynyp ýokaryk galdyrylypdyr, saçakda çöregiň ters ýa-da ýüzin goýulmagy oňlanmandyr.

Şeýle çemeleşmeler halk arasynda çöregiň mukaddesligini beýgeldipdir. Çöregiň we duzuň beýgeldilmegi, megerem, halkyň huş astyna, hakydasyna siňipdir.

Uzak ýola gidilende çörek ýoldaş edinilipdir. Tamdyrda çörek ýapýan gyz-gelinler ýoldan geçip barýan ötegçä çörek dadyrypdyr. Myhman kabul edilende ilki bilen saçakda çörek hödür edilipdir.

Çagalarda duz-çörege bolan sylag-hormatyň öwredilmeginde yrym-ynançlara salgylanylypdyr.

Çagalara naharlanmagyň edebi öwredilende, çöregiň owuntyklaryny ýere gaçyrmazlyk, duz-tagama göwniýetmezçilik bilen çemeleşmezlik, saçagyň üstünden ätlemezlik öwredilipdir, şeýle tabşyryklaryň birkemsiz berjaý edilmegi üçin bolsa, rysgalyň gaçmak ähtimallygy, ýa-da agzalalagyň döremek ähtimallygy ýaly howplar babatynda öwüt-ündew edilipdir.

Etnograflara görä, türkmen maşgalalarynda çaga bäş-alty ýaşaýança onuň terbiýesi ejesiniň üstüne ýüklenipdir. Kakalar bäş-alty ýaşdan soň çaga terbiýesine gatyşyp başlapdyrlar. Ýöne, umuman aýdylanda, gyz çagalar elmydama ejäniň öwüt-ündewi we göreldesi bilen, ogul çagalar bolsa kakanyň göreldesi bilen ýetişdirilipdir.

Ýöne türkmen dilli sosial media ulanyjylarynyň arasynda soňky ýyllarda döwrebap türkmen maşgalalarynda kakalaryň çaga terbiýesine ilkinji günden başlap, eje bilen deň-derejede gatnaşmalydygy, kakalaryň çagalar bilen mümkin boldugyndan has köp wagt geçirmelidigi nygtalýar.

Türkmen synçysy çaga terbiýesinde ene bilen atanyň roly bilen bagly meýillere salgylanyp, çagalaryň arassaçylyk, naharlanmak we dil öwrenmek ýaly endikleriniň esasan eje terbiýesinden gözbaş alýandygyny, kakalaryň bolsa, çaga terbiýesine gözegçilik işini öz üstüne alýandyklaryny gürrüň berdi:

“Çagadaky köp endikler, ýa-da çaganyň öwrenýän zatlary enäniň terbiýesi bilen geçýär.Meselem, arassaçylyk, adamlar bilen gatnaşyk etmek, ene diliňi bilmek, öz medeniýetiňi bilmek, öz şahsy gigiýenaňa seretmek ýaly meseleler ene terbiýesi bilen çaga ornaşýar. Ýöne, şol bir wagtyň özünde, gapdaldan atanyň nazaryýeti bar.

Ata, ýagny çaganyň kakasy şol terbiýä mydama gözegçilik edip gelýär.Eger-de ene, meselem, ýalňyşyrak aýtsa, ýa-da bir zady näsaz öwretse, onda şol ýerde ata goşulyşýar. Şondan soň, ata terbiýesi-de başlanýar. Ýöne bu, esasan, ogul çagalar barada, ogul perzentler barada.

Gyz babatynda aýdylanda, soňky ýyllara çenli, ol kämillige ýetýänçä, ene terbiýesi ilkinji orunda durýar”

Türkmen maşgalalarynda çaga bilen bagly däp-dessurlar we toýlar asyrlarboýy dowam edýär. Pişme toýy, ýa-da bäbek toýy, çaga at dakma dessury, çile dessury, sallançak gurmak dessury, diş toýy, galpak toýy we sünnet toýy ýaly dessurlar we toýlar çaganyň dünýä inen gününden başlap, çagalykdan saýlanýança uly tutum bilen bellenipdir.

Etnograflara görä, “pişme toýy”, başgaça aýdylanda “bäbek toýy”, ýa-da “alkyş toýy” çaga dünýä inenden soň, çaga bilen bagly bellenilýän ilkinji toý dabarasy bolupdyr. Çaganyň dünýä inmegi dogan-garyndaşlaryň we tanyş, dost-ýarlaryň arasynda giňden buşlanypdyr we buşlukçylara sowgatlar berlipdir.

Soňky ýyllarda sosial torlarda Türkmenistanyň içinden paýlaşylýan wideolardan we suratlardan görnüşine görä, täze dünýä inen çagalar uly dabara bilen, ýörite maşynlar bezelip, bäbekhanalardan alnyp gaýdylýar.

Çile dessuryna laýyklykda, türkmen maşgalalarynda täze dünýä inen bäbekler kyrk güne çenli çilede saklanýar, ýagny kyrk güne çenli çaganyň we enäniň köpçülikden üzňe saklanmagy bilen bagly däp-dessurlar dowam etdirilýär. Çaga çileden çykarylanda dürli yrym-ynançlar berjaý edilýär.

Türkmen etnologiýasyny öwrenýän ýokary okuw gollanmasynda aýdylmagyna görä, türkmen maşgalalarynda sallançak gurmak däbi çaga kyrk çilleden çykarylandan soň berjaý edilýär. Çaga dünýä inenden soň, ilkinji berjaý edilýän däpleriň biri hem çaga at dakmak däbi bolup durýar.

Synçylar soňky ýyllarda türkmen maşgalalarynda aňsat, sada we owadan eşidilýän atlara ýykgyn edilýändigini, goşma atlardan köplenç çetde durulýandygyny aýdýarlar. Çaga bir ýaşyna ýetende galpak toýy bellenilýär, dabara bilen myhman çagyryp, toý tutulýar we çaganyň saçy alynýar. Türkmen däp-dessurlaryna görä çaganyň saçy daýysy tarapyndan alynýar.

Şeýle-de, türkmenlerde oglan çagany sünnet etdirmek musulmançylygyň möhüm kadalarynyň biri hasaplanypdyr we çaga köplenç üç ýaşanda, ýa-da bolmasa bäş-ýedi ýaşanda sünnetlenipdir. Şeýle-de, türkmenleriň arasynda ogul çagalary köplenç täk ýaşda sünnetletmäge ýykgyn edipdirler. Soňky ýyllarda türkmen maşgalalarynda ogul çagalar has kiçi ýaşlarda hem sünnet edilýär.

Türkmen ýazyjysy we synçy Hudaýberdi Hally Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde türkmen maşgalalarynda çile däbiniň saglyk ýagdaýlar bilen baglydygyny, beýleki toýlaryň bolsa, şatlykdan we buýsanç duýgularyny paýlaşmak isleglerinden ugur alýandygyny gürrüň berdi:

“Galan toýlar, olar, bir-ä, çagany şatlandyrmak, ikinjiden hem, çaganyň şatlygyna seniň özüň begenmegiň. Çaga adama şatlyk berýär, her birine enesine, atasyna bir aýratyn, ondan garrylara bir aýratyn. Çaga ynsana nähilidir bir şatlyk berýär göze görünýän şatlyk, hem-de göze görünmeýän ruhy şatlyk.

Ine, men [çaga bilen bagly toýlara] şol şatlygyň bellenmek pursatlary diýip düşünýärin. Ýogsa, ol däp-dessurlar eger-de möhüm bolan bolsa, onda beýleki halklarda-da bolardy. Ýöne bir halkda bar, başga bir halkda ýok.

Bu, çaganyň jemgyýetdäki orny bilen bagly, şoňa guwanmak, şoňa buýsanmak bilen baglanyşykly” diýip, türkmen synçysy aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

TAMDYR SALMAK
Aşgabatda arzan çörek dessine satylyp gutarýar
Newşehiriň Kaýmakly etrabynyň Guradylan Gaýmagy
Türkmenistan Aziýada 10 günüň galmagyny dabaralandyrdy