TAMDYR SALMAK

TAMDYR SALMAK

Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşy bilen baglanyşykly birnäçe mukaddeslikleri bar. Şolaryň biri hem türkmen tamdyrydyr.Onda ynsanyň esasy iýmiti çörek bişirilýär.Tamdyr sähetli gün salynýar.Tamdyr salýan zenanlar hem ähli taraplaýyn göreldeli, asylly, edepli zenanlar bolmaly.

Tamdyr salnanda ilki bilen ýerini tegeläp ýüp bilen çyzmaly.Soň şol çyzgy boýunça bişen kerpiçlerden örüp başlamaly.Tamdyryň laýy toprak bilen köne saman garylyp taýýarlanylýar.Bir-iki günläp, eýlenip demini alar ýaly edilip goýulýar.

Türkmen durmuşynda tamdyr keramatly hasaplanýar.Türkmen zenanlary hemişe tamdyrynyň, ojagynyň suwalgy, gelşikli, abat bolmagy üçin alada edýärler.Gyş-ýaz aýlary ýagyn ýaganda zaýalanmazlygy üçin üstini basyryp goýýarlar.

Hojalykçy zenanlaryň öýüne barsaň tamdyrdyr ojagyň başy arassajadyr, tämizdir.Tamdyrdyr ojak tekiz-ýylmanak edilip suwalan bolsa, şol öýüň zenan maşgalasynyň işeňňirliginiň, öý-ojagynyň eýesidiginiň alamatydyr. Öňki döwürlerde gudaçylyga gelnende şol öýüň iç-daşy bilen birlikde ojakdyr-tamdyry synlanypdyr. Ýokarda belläp geçişimiz ýaly tamdyryň düýbi sähetli gün tutulýar. Ýerde ýyldyz bolmaly däl.

Tamdyryň tegelek bolmagy üçin ilki tamdyryň içiniň merkezi bellenilýär.Soňra ýarym gulaç ýüpi alyp, şonuň bilen bellenen merkezden töwerekleýin tegelek çyzyk aýlap çykýarlar. Şeýlelikde tamdyryň tegelek ölçegi alynýar.

Ondan soň tegeläp kerpiç örülip başlanýar.Kerpiçleriň arasyna goýjak palçygyň hem hökmany ýagdaýda şykgy (toýun) bolsa has gowy.Yogsam çörek ýapylanda arkasy kesekli bolýar.Tamdyryň kerpiçleri örüldigiçe içine egip daraltmaly.

Kerpiçler örüldigiçe tamdyr eglip agzy daralyp başlaýar.Tamdyryň agzyna golaýlanda hasam daraldylýar.Tamdyryň agzyna eýlenen şykgydan (toýundan) bilekse edilýär.Ol tegelek halka görnüşde bolýar.Ahyrynda tamdyryň agzy repide sygýan ölçegde edilip daraldylýar.

Ondan soň hälki saman goşulyp, gowy eýlenen we bir-iki gün goýlan laý(palçyk) bilen ilki tamdyryň içi suwalýar, soňra daşy suwalýar.Sap laýdan edilýän tamdyrlar hem bolýar. Öňräkler esasan sap laýdan edilerdi.

Tamdyr sap laýdan(palçykdan) ediljek bolsa, onda tamdyr üçin gerek bolan şykgydan(toýundan) edilen laýyň(palçygyň) hemmesi gowy edilip eýlenip, üsti basyrylyp goýulýar.Ol eýlenip taýýarlanan laýdan bilek ýaly edip, togalap, tegelenip örülýär.

Tamdyr sap laýdan salnanda, üç-dört örüm örülenden soň, şol örümler gataýança garaşmaly. Şonda üstüne halta ýa-da başga şoňa meňzeş bir zat ýapyp, basyryp goýmaly bolýar.Ol berklik üçin şeýle edilýär.

Tamdyr sap laýdan edilende wagt gerek.Laýdan edilen tamdyrlar nepis hem berk bolup, çörek ýapylanda arkasy keseksiz bolýar.Tamdyra körük hem goýmaly.Körükler tamdyryň içindäki odunyň çalt we aňsat ýanmagy üçin (şemal düşüp köretmek üçin) goýulýar. Örülip başlanandan takmynan 12-15 sm. ýetende, dört tarapyndan körük goýulýar. Öý-ojagy goraýar diýip, yrym edilip tamdyra goçak nagşy hem salynýar.Tamdyr doly salnyp, içi-daşy suwalandan soň ot goýbermeli.

Ot tüsseläp ýansa gowy bolýar.Munuň üçin täzeje tamdyryň içine odun salnyp, tüsseläp ýanar ýaly edýärler.Tamdyr tä agarýança odun salnyp gyzdyrylýar.Tamdyryň içi agarandan soň, iç ýüzüne şerebe sepilýär.

Çörek bişirilende arkasy keseksiz bolar ýaly içi arassa esgi bölegi bilen gowy edip süpürilip çykylýar.Esgä biraz pagta ýagyny çalsaň tamdyryň içi has hem ýylmanýar.Soňra tamdyr täzeden gyzdyrylyp, petir çörek ýapylýar.

Täze tamdyrda bişen ilkinji çörekler goňşy-golama paýlanylýar.Halk arasynda Petir çörek gordan gorkmaz” diýen pähim bar.Gaty gyzdyrylan täze tamdyra şonuň üçin ilki petir çörek ýapylýar. Çörek bişirmegiň tärleri.

Tamdyr keramatly, mukaddes zat, şonuň üçin oňa salynýan odun hem, çöregi bişirýän zenan hem arassa bolmaly.Eger odun arassa odun bolmasa, çörek ýapylanda syrylyp gaýdýar. Çörek bişirmek hem özboluşly sungat.

Onda arassaçylyk diýseň zerur.Zenan maşgala çörek bişirjek bolanda elini ýuwmaly.Saçyny ýygnamaly, ýaglyk bilen pugta daňmaly.Hamyr ediljek bolnanda ilki kendirik ýazylýar.Soňra näçe çörek bişirjek bolsaň oňa laýyk uny taýýarlamaly we elekde elemeli.

Hiç haçan türkmen maşgalasynda kendirik unsuz goýulmaýar.Un gutarsa “baýadyk” diýilýär. “Gutardy” sözüni yrym edip ulanmaýarlar.Içi urbaly, unly kendirik öýüň berekedi, rysgaly we bolçulygyň alamaty diýlip yrym edilýär.

Hamyrmaýa hem kendirikde daşyna un sepip goýulýar.Eger hamyrmaýa gatan bolsa, onuň gaty ýerleri aýrylyp, ýumşagrak ýerinden alyp, örüzip, hamyrturşy täzelenilýär.Hamyrmaýany täzelemek üçin ony okara salyp, üstüne birazajyk mylaýym suw guýmaly.

Mynçgalamaly, biraz un guýup, hamyr görnüşine getirmeli, ondan soň içi galýança basyryp goýmaly.Birazdan täze hamyrmaýa taýýar bolýar.Ondan soň hamyr edibermeli.Hamyr etjek jamyňa bişirjek çöregiňe laýyk bölek-bölek duz atylýar.

Soňra mylaýymdan ýylyrak suw guýlup, hamyrmaýa hem atylyp, hemmesi garyşdyrylýar.Ondan soň un guýup, ony hem garmaly, soňra ýugrup başlamaly.Hamyra güýç gerek diýilýär.Hamyr ýumruklanyp gowy ýugrulsa içi öýjük-öýjük bolup duran hamyr bolýar.

Hamyry saçak bilen dolap, galyň bir zat bilen gowy basyrmaly.Kendirik hem eplenip hamyryň üstünde ýa-da gapdalynda goýulýar.Hamyry ýugrup bolan badyňa eliňi ýuwman daşaryk çykmaly däl.

Hamyr alandan soň barlap, eliň bilen hamyra ýuwaşlyk bilen tapbatlap görmeli.Alan bolsa böleklere bölmeli, hamyry ýasamaly, ýagny birazajyk ýaýradyp, ýukalamaly.Ondan soň, hamyr çanagyň içine saçak ýazylýar. Ýasalan hamyrlar biri-birine ýelmeşmez ýaly arasyna azajyk un sepelemeli. Üstüni saçak bilen ýapyp goýmaly.

Indiki etmeli işimiz tamdyra ot goýbermeli.Halk arasyndaky Odunyňy aýama, nanyňy söýeme” diýen pähime eýerilip, tamdyry gowy gyzdyrmaly.Tamdyr gowy gyzmasa, çörekleriň arkasyny söýäp bişirmeli bolýar.Tamdyr gowy gyzsa tamdyryň içi agarýar.

Tamdyryň içi ýagşy agarandan soň, közler orta üýşürilýär, körükler ýapylýar.Soňra közüň üstüne suw sepelenýär.Gyzgyn tamdyr çöregiň arkasyny ýakaýmasyn ýa-da gyzgynladaýmasyn diýip, ilkinji çöregiň ýapyljak ýerine suw sepilýär. Çörek ýapylanda ýalyn çawramaz ýaly ýüzüňi ýaglyk bilen daňmaly, eliňe ýeňlik geýmeli.

Onsoň ýasalan çörekleri repidäniň üstünde goýup, dürtgüç bilen dürtmeli. Çörege dürtgüç dürtülende kim yrym edip ilki gyrasyna dürtüp soňra aýlanyp çöregiň ortasyna gelýär, kim çöregiň ortasyndan dürtüp başlaýar.Türkmen maşgalasynda ir bilen örülip her kim işli-işine gidýär. Öýüň zenany maşgala agzalarynyň hemmesiniň agzybirlik bilen öýe ýygnanmagyny dileg edip, çöregiň gyrasyndan başlap ortasyna çenli dürtýär. Çöregiň ortasyndan dürtüp başlaýanlar bolsa:”maşgala öz-özünden köpelip, ýaýrap gitsin” diýip yrym edýär.

Birinji çörek ýapylanda: Bissimilla, Pir pugta, men ýapaýyn sen, togta” diýilýär. “Kirim uşaksyz çöregim kökesiz bolmasyn” diýilýär. Çörekleriň gapdalyndan köke hem ýapylýar.Hemme çörek ýapylyp bolnandan soň, çöregiň ak suwuny bermeli.

Ondan soň tamdyryň agzyny ýapmaly.Endige görä hamyr edilen çanak bedreli suwdan alnyp ýuwulýar we tamdyryň üstüne düňderilýär.Ol tamdyryň ýylysyna guraýar, ondan soň ony çörek ýasalýan sekiniň üstünde goýmaly.

Ol çörekler bişensoň salyp alyp gitmäge gerek bolýar. Çöregiň gyzyl suwuny hem bermeli.Eger çörekler haýal gyzarýan bolsa, onda kesewi bilen ody dörüşdirmeli.Ilkinji çörek gyzarandan ony ýeňlik bilen goparyp almaly, ýüzüne suw sepip, agaç sekiniň üstünde goýmaly.

Yryma görä ilkinji bişen çöregi döwmeli däl.Ol şol öýüň rysgaly hasaplanylýar.Ikinji çörek bişenden soň daş-töwerekdäkilere hödür-kerem etmeli. Çörek bişirýän zenan bişirýän çöreginden hökman hödür etmeli.

Bu ene-mamalarymyzdan dowam edip gelýär. Çünki, tamdyrdan gyzaryp çykýan çörekleriň burk urýan ysy dumly-duşa ýaýraýar.Gyzgynjak çörekden her kimiň dadasy gelýär.Ondan dadanlar tagamyň hakyna töwir edip bişirene-düşürene saglyk dileýär.

Keramatly tamdyryň başynda okalan töwirler, edilen arzuw-dilegler kabul bolarmyş. Çörek bişirilende köçeden biri geçip barýan bolsa şoňa hem hödür etmeli.Kökeler bolsa çagalara paýlanylýar. Çagalar ol kökeleri suwa basyp hezil edip iýýärler.

Tamdyryň içindäki hemme çörekler bişensoň, tamdyr suwundan Bissimilla” diýip, tamdyryň içindäki közüň üstüne üç sapar suw sepelemeli.Bedrede galan suwy şehitleriň ýoluna" diýip, ileri garap aýak basylmajak ýere dökmeli.

Halkymyz keramatly tamdyrymyz bilen bagly hem yrymlaryň ençemesini döredipdir. - Durmuşa çykman oturan ulygyzlar tamdyryň daşyndan üç gezek aýlansa bagty açylýarmyş. - Ýerine bugşugýan çagany tamdyryň daşyndan üç gezek aýlasaň onuň düşegine buşukmasy galýarmyş. -Aglak çagany tamdyryň daşyndan üç gezek aýlasaň, haýry degýär diýýärler. - Göwreli gelni hem çaganyň dünýä inmegini ýeňilleşdirmek maksady bilen tamdyryň daşyndan aýlaýarlar.

OJAK SALMAK Halkymyzyň baý mirasy bar.Tamdyrdyr ojak türkmen durmuşynyň aýrylmaz bir bölegidir.Ojak mukaddes hasaplanylýar.Ol türkmen maşgalasynyň agzybirliginiň alamaty.Tutuş maşgala bolup naharlanmak üçin ojakda milli tagamlar bişirilýär.

Halkymyzyň arasynda “Ojagyň ody öçmesin”, “Ojagyň abat bolsun” diýen ýaly dilegler ýörgünli ulanylýar.Ojak salmak däbi gadymy däpleriň biri.Oňa aýratyn yhlas-ukyp gerek.Ojak salmak, ojak gazmak hem ussatlygy-başarnygy talap edýär. Öňki döwürlerde öýlenjek oglana ojak gazdyrypdyrlar.

Görkezilen gazana laýyk ojak gazyp başaran oglan başarnykly, elinden iş gelýän ýigit hasaplanypdyr.Ojak salmak üçin bir halta köne saman, dört-bäş bedre arassa toýun gerek.Ojak hem türkmeniň yrym-ynanjyna görä sähetli gün salynýar.

Ilki ojagyň ýerini taýýar etmeli.Ondan soň palçygyny taýýarlamaly.Palçygy toýundan taýýarlanylýar.Toýun gaty bolýar.Ony döwmeli.Ondan soň eläp suw goşup palçyk etmeli.

Palçygy azyndan iki sagatlap ýugurmaly.Edil hamyr eden ýaly edip ýugursaň ojak berk we gelşikli bolýar, köp wagtlap durkuny ýitirmän saklaýar.Palçyga köne saman goşmaly.Ikisini gowy edip garmaly. Üç-dört gün demini alýança saklamaly.

Saman goşulsa ojak jaýrylmazak bolýar.Ojagyň agzyny şemal öwüsýän tarapa bakdyrsaň ot ýakylanda tüssesi gowy çykýar we ot gowy ýanýar.Ojak bişen kerpiçden we toýun palçykdan ýasalýar.

Toýun palçykdan ýasalanda, ol gaty bolmaly.Ilki ojagyň düýbi tutulýar.Ondan soň tokga palçyklary üç setir edip göni goýmaly.Onsoň dört barmak edip körük goýmaly. Üç setirden soň egip daraldyp başlamaly.

Ondan soň biraz içe alyp ugramaly.Ojagyň agzyny atarjak gazanyňa göräräk daraltmaly.Ondan soň suwag işi başlanýar.Suwajak laýyň suwugrak bolmaly.Onuň samany köp bolmaly.

Ony hem bir gün öňünden ezip goýmaly.Ojagy içi we düýbi bilen suwasaň külüni aýyranyňda gowy bolýar.Suwap bolaňsoň ertesi gaýtadan ýene suwamaly.Käbir maşgalalarda ojagyň iki gapdalyna goçak nagşy salynýar.

Goçak nagşy maşgalany, ojagy göz-dilden goraýar diýen yrym bar.Gazan ojaga laýyk gelmeli, yş galmaly däl.Muňa ojak ussasynyň ussatlygy gerek.Ojak taýýar bolansoň ýuwaşja ot ýakylýar. “Ojak gutly bolsun”, “Ojagyň ody öçmesin”, “Toý gazanlary atarylsyn” diýilip gutlanylýar.

KENDIRIK Kendirik ol çörek önümleri bişirilende, un elenende, hamyr edilende peýdalanylýan saçak görnüşindäki mata. Öňki döwürlerde ene-mamalarymyz kendirigi keýigiň derisinden taýýarlapdyrlar.Keýigiň derisini duz bilen gowy eýläp, arassalapdyrlar.

Gyralaryny kesip owadanlapdyrlar.Onuň içine un salyp kendirik deregine ulanypdyrlar.Kendirik her öý-ojakda mukaddes zat hökmünde hökman saklanylýar.Hamyr edilende hökmany kendirik ýazylyp elekde un elenýär.

Kendirik türkmen aşhanasynyň gadymy önümi.Ol her bir türkmen öýüniň gelşigi, öýüň bereketliliginiň alamaty.Kendirigi owlak derisinden hem taýýarlapdyrlar.Onuň üçin ilki owlak derisini duz bilen gowy eýläp, arassalamaly.

Gyzgyn suwda ýuwmaly.Gönüläp kesip, gyrasyna alaja tutmaly.Häzirki döwürde kendirik galyň, matalardan taýýarlanylýar, gyrasyna alaja tutulýar.Un elenip, hamyr edilenden soň ýazylan kendirik eplenip, ýygnalyp goýulýar.

Onuň içinde yrym edilip biraz un we hamyrturşy goýulýar.Halk arasynda kendirigi ýazan ýygnamaly diýen yrym hem ýörgünli.Toýda çelpek ýaýylanda hem gelin-gyzlar tarapyndan öý eýesiniň kendirigi ýygnalýar.

Toý eýesi sowgat berenden soň kendirik çykarylýar.Kendirik türkmeniň mukaddes saýylýan gymmatlyklarynyň biridir.

REPIDE Repide, çörek ýapylanda ulanylýan enjam. Öňler ol sübselik diýilýän ösümlikden taýýarlanylypdyr.Ony taýýarlamak üçin sübseligi ýygyp, tegeläp, berk sapak bilen tikmeli.Ol çöregiň tegelegi ýaly bolansoň arkasyna we ýüzüne biýz mata tutmaly.

Onsoň çigitlenen pagta goýup ýene biýz tutmaly.Ondan soň daşyna alaja tutmaly.Repide iki bölekden durýar.Olary biri-birine berkitmeli.Onuň bir el girer ýaly jübä meňzeş deşigi bolýar. Üstüne ýasalan hamyry goýup tamdyra ýapjak bolsaň şol deşigiň içine eliňi salyp ýapmaly.

Repidesiz çörek ýapmak kyn.Kiselije, galyňja repidäň bolsa çörek ýapmak aňsat bolýar.Häzirki döwürde repidäni sap pagtadan hem taýýarlaýarlar.DÜRTGÜÇ-TIKEÇ Dütgüç-tikeç çöreklik hamyry dürtmek üçin ulanylýar. Öňler ol towuk perinden ýasalypdyr.

Ilki perler düzülýär, hamyr çalnyp, daşyna ýüp aýlanýar. Ýüp nagyşlanyp, berk edilip daňylýar.Perleriň başy bogulýar.Häzirki döwürde dürtgüçler agaçdan ýasalýar.Onuň dürtgüçleri tegelek görnüşinde bolup, çörege göze ýakymly görnüşde bezeg berýär.

Ogultäç HOJANAZAROWA

Ýene degişli makalalar

Türkmen maşgalasynda çaga terbiýesi, çagalar bilen bagly däp-dessurlar we toýlar
Aşgabatda arzan çörek dessine satylyp gutarýar
Türkmen žiwopisçileriniň suratlarynda - taryh we däpler
Newşehiriň Kaýmakly etrabynyň Guradylan Gaýmagy