Alekseý Nawalnyýnyň ejesi oglunyň jesedini almak üçin tagalla edýär

Alekseý Nawalnyýnyň ejesi oglunyň jesedini almak üçin tagalla edýär

Alekseý Nawalnyýnyň ejesi şenbe gününi oglunyň jesedini Harp şäherçesinde ýogalan tussaghanasynda tapmak üçin netijesiz gözlegler geçirdi. Alekseý Nawalnyýnyň ejesini we aklawjylaryny Salehard şäherindäki morga ugrukdyrdylar, emma ol ýerde hem jesediniň ýokdugy barada jogap aldylar.

Duşenbe güni Alekseý Nawalnyýnyň ejesi we aklawjylary ýaňadandan morga gitdiler. Kira Ýarmyş "Morgyň içine girmeklerine rugsat berilenok. Aklawjylarynyň birini daşaryk itdiler. Alekseý Nawalnyýnyň jesediniň ol ýerde bolup-bolmandygy bilen bagly soraga işgärler jogap berenoklar" diýip mälim etdi.

Alynan maglumata görä Alekseý Nawalnyýnyň jesedi ilki bilen Labytnangi şäherine getirildi, emma 16-njy fewralda agşam bolsa Salehard sebitleýin klinika hassahanasyna ugradyldy. Derňew komitedi ejesine we aklawjylara ölüm bilen bagly derňew tapgyrynyň möhlediniň uzadylandygy habar berildi.

Kira Ýarmyş sosial media hasabyndan beren beýanatynda: "Ejesiniň entek näçe gezek gitjegi belli däl. Näme sebäpli ölendigi entek anyklanmady. Ýalan sözleýärler, wagt utmaga synanyşýarlar we şeýle edýändiklerini gizlänoklar" diýip belläpdi.

Ýene degişli makalalar

Alekseý Nawalnyýnyň jesedi maşgalasyna gowşurylmady
Litwada rus oppozisionere hüjüm guraldy
Alekseý Nawalnyýnyň jesedi maşgalasyna gowşuryldy
Türkmenistanda rus dili: Täze meýiller, köne tejribeler (3-nji bölüm)
Aşgabatda Russiýanyň ýokary okuw mekdeplerinde kwotalaryň çäginde bilim almak boýunça seminarlar geçirilýär, Fransuz instituty film görkezilişine çagyrýar, Türkmenistan Abu-Dabide geçirilen halkara nebitgaz sergisine gatnaşdy we beýleki habarlar
Düzje Ýufka çörekli Konuralp Palowy