Litwada rus oppozisionere hüjüm guraldy

Litwada rus oppozisionere hüjüm guraldy

Litwanyň paýtagty Wilnýus şäherinde geçen aý tussaghanada ölen rus oppozisioner Alekseý Nawalnyýnyň kömekçisi we Korrupsiýa garşy gaznasynyň liderleriniň biri bolan Leonid Wolkowa çekiç bilen hüjüm guraldy.

Habary Korrupsiýa garşy gaznasynyň metbuget sekretary Kira Ýarmyş X sosial media hasabyndan berdi.

Kira Ýarmyş: "Leonid Wokow az wagt ozal öýüniň öňünde hüjüme sezewar galdy. Bir adam awtoulagynyň aýnasyny döwüp, ulagyň içine gözüňi ýaşardýan gaz zyňdy, soň bolsa Leonida çekiç bilen hüjüm gurady" diýip habar berdi. Leonid Wolkow ownuk şikesler bilen hassahana ýatyryldy, şikesleri jan saglygy üçin howply däl.

Litwanyň Daşary işler ministri Gabrielius Landsbergis wakany “geň galdyryjy” diýip häsiýetlendirdi we günälileriň edenleriniň jogabyny berjekdigini mälim etdi. Litwanyň Polisiýa gullugy waka bilen bagly derňew işini başlatdy. Leonid Wolkowyň öýi gorag astyna alyndy.

Fewral aýynyň ortasynda Russiýadaky tussaghanalaryň birinde ölen Aleksen Nawalnyýnyň syýasy toparynyň köp sandaky agzasy ÝB we NATO agza ýurtlarynda ýaşaýar.

Ýene degişli makalalar

Sluskiý Lenini ejesiniň ýanynda ýerlemegi teklip etdi
Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynda GDA-nyň Baş sekretarynyň birinji orunbasary kabul edildi
Baharyň on ýedi pursady 50 ýaşady
Russiýanyň Ukraina garşy guraýan hüjümleri dowam edýär
Russiýa Federasiýasynyň çägine haryt girizmek üçin “Dogruçyl belgi” kanuny güýje girdi
Daragt halkara kinofestiwalyň baýragyna mynasyp boldy