Sluskiý Lenini ejesiniň ýanynda ýerlemegi teklip etdi

Sluskiý Lenini ejesiniň ýanynda ýerlemegi teklip etdi

Russiýanyň Liberal-demokratlar partiýasynyň lideri Leonid Sluskiý Wladimir Lenini wesýet edişi ýaly, ejesiniň ýanynda ýerlemegiň wagtynyň gelendigini aýtdy. Syýasatçy bu barada özüniň sosial ulgamdaky sahypasynda ýazdy diýip, Kp.ru saýty habar berýär. Onuň sözlerine görä, merhumyň soňky wesýetiniň berjaý edilmegi hristianlar üçin wajyp däpdir.

Wladimir Iliçiň ejesi Sankt-Peterburg şäherindäki Wolkowsk gonamçylygynda ýerlendi. Sluskiý Leniniň wesýetini ýerine ýetirmegiň wagtynyň gelendigini nygtady.

21-nji ýanwarda Wladimir Iliç Leniniň aradan çykanyna 100 ýyl doldy. Onuň jesedi Moskwadaky mawzoleýinde saklanýar.

Ýene degişli makalalar

Halydaky Lenin
FEDERER rekordyny täzeledi
02.11.2017 | Türkmenistan Täjigistan: ikitaraplaýyn we sebit ähmiýetli strategiki hyzmatdaşlyk
MELBOURNE “Onuň, Alyhezretleri”
Jokowiç yzly-yzyna 11-nji gezek ýarym finalda
Möwsümi Zwerew jemledi