Jokowiç yzly-yzyna 11-nji gezek ýarym finalda

“Amerika Açykda” erkekleriň arasynda-da çärýek finalda soňky çempion Rafael Nadal çekeleşikli geçen oýunda kynlyk bilen Dominik Timden 5 setiň netijesinde 3:2 (0:6, 6:4, 7:5, 6:7, 7:6) üstün çykdy.

Onuň ýarym finaldaky garşydaşy Huan Martin del Potro amerikaly Jon Izneri 3:1 (6:7, 6:3, 7:6, 6:2) hasabynda ýeňdi.Marin Çiliç bilen Kei Nişikoriniň arasyndaky ýeňiji-de 5 setde kesgitlenip, ýaponiýaly tennisçi 2:3 (6:2, 4:6, 6:7, 6:4, 4:6) ýeňşini baýram etdi. 4-nji ýarym finalçy-da Nowak Jokowiç boldy.

Ol 2 sagat 48 minutlap dowam eden oýunda 55-nji basgançakdaky Jon Millmany 6:3, 6:4, 6:4 hasaplar bilen ýeňip, bu ýaryşda bassyr 11-nji gezek ýarym finala çykdy.

Jon Millman 1/8 finalda Rojer Federeri ýeňip, hemmäniň ünsüni özüne çekipdi.

Ýene degişli makalalar

Möwsümi Zwerew jemledi
“Günäkärleriň” taryhy rekordy
BMG-niň Baş sekretarynyň wezipesine dalaşgärler bilen söhbetdeşlikler aprel aýynda başlanar
Andersen baýragynyň finalçylary belli boldy
Çilim daşky gurşawa howp salýar
Görünmeýän howp: Çilimiň daşky gurşawa ýetirýän zyýany