MELBOURNE “Onuň, Alyhezretleri”

Tennis boýunça möwsümiň ilkinji “Uly tuwulga” ýaryşy “Awstraliýa Açykda” erkekleriň arasynda “Onuň, Alyhezretleri” lakamly Rojer Federer, zenanlardan bolsa, daniýaly Karolina Wozniaski ýeňiş gazandy.Şweýsariýaly Federer finalda horwatiýaly Marin Çiliç bilen güýç synanyşdy. 36 ýaşly Federer 1-nji setde 6:2 öňe saýlandy. Çekeleşikli geçen 2-nji set taý-brekden soň (7:6), Çiliçiň peýdasyna tamamlandy. 3-nji setde ýeňiş Federeriň tarapynda boldy 6:3. Şeýle hasap bilen gutaran 4-nji setden soň, Çiliç umumy hasaby deňledi (6:3). 3 sagat 7 minutlap dowam eden finalyň 5-nji setinde 6:1 hasabynda ýeňiş gazanan Federer “Uly tuwulgalar” özüniň taýsyzdygyny ýene bir ýola görkezdi.

Diýseň çekeleşikli häsiýete eýe bolan bu finalda 3:2 hasabynda ýeňiş gazanan Rojer Federer 20-nji “Uly tuwulga” kubogyny gazanyp, özüniň rekordyny has hem artyrdy.Bu onuň “Awstraliýa Açykdaky” 7-nji finaly, 6-njy çempionlygydyr (2004, 2006, 2007, 2010, 2017, 2018).

Ol bu ugurda “Awstraliýa Açykda” 6 çempionlyk gazanan Roý Emerson hem-de Nowak Jokowiç bilen deňleşdi.Galyberse-de, rowaýaty tennisçi karýerasyndaky 96-njy ATP çempionlygyny gazandy. Şeýlelikde, Federer 1968-nji ýyldan bäri, ýagny “Açyk” döwürden buýaňa oýnalan “Uly tuwulga” bäsleşikleriniň 10 göteriminiň çempionlygyny gazanmagy başardy.

Başgaça aýdylanda, şu ýylky “Awstraliýa Açyk” bäsleşigi “Açyk” döwürde (50 ýyldan bäri) geçirilen 200-nji “Uly tuwulga” ýaryşy bolup, şolaryň 30-synda finala çykan Federer 20-sinde-de çempion diýen ady eýeledi.

Bu bäsleşikden soň, ATP-niň sanawynda 16 “Uly tuwulganyň” eýesi Rafael Nadal ornuny saklamagy başardy. 9605 utuk toplan Federer 155 utuk aratapawudy bilen 2-nji hatarda barýar.

ILKINJI ÝEŇŞIZenanlaryň arasyndaky finalda WTA-nyň sanawynda 12-nji hatarda barýan rumyniýaly Simona Halep bilen daniýaly Karolina Wozniaski duşuşdy.Iki tennisçi-de 3-nji ýola “Uly tuwulgalarda” finalda oýnap, olaryň ikisi-de ilkinji kubogyny asmana götermek üçin meýdança çykdy. 2 sagat 50 minutlap dowam eden duşuşyk örän çekeleşikli bolup, Ýewropanyň has Günbatar tarapynda ýaşaýan tennisçi ýeňiş gazandy. 27 ýaşyndaky Wozniaski 1-nji setde 7:6 ýeňiş gazansa, ol 2-nji setde 6:3 asgyn geldi.

Jemleýji setde bolsa, 6:4 hasabynda ýeňşini baýram eden Wozniaski ilkinji “Uly tuwulga”, umumylykda WTA-nyň ýaryşlaryndaky 28-nji kubogyny asmana göterdi.Mundan öň diňe “Amerika Açykda” 2 gezek finala çykan Wozniaski bu bäsleşikden soň, WTA-nyň sanawynda 1-nji basgançaga beýgeldi.

Utugyny 7615-e ýetiren Wozniaski 2012-nji ýylda-da sanawda çür depä çykypdy.Hem çempionlygy, hem-de birinjiligi aldyran Halep bolsa, 3-nji gezekki “Uly tuwulga” finalyndanam eli boş gaýtdy.

Ýene degişli makalalar

Wozniaski tennis bilen hoşlaşdy
Ýyldyzlaryň finaly:Jokowiç — Nadal
Tennis täzelikleri
Ussatlaryň ýeňijisi — Jokowiç
Iň köp girdeji gazanan zenan türgenler
“Rojers” kubogynyň ýaş çempionlary