“Rojers” kubogynyň ýaş çempionlary

Kanadanyň Monreal şäherinde geçirilen “Rojers Masters” kubogynda erkekleriň arasynda germaniýaly Aleksander Zwerew çempion boldy. 20 ýaşyndaky tennisçi 68 minutlap dowam eden finalda özünden 16 ýaş uly Rojer Federerden 6:3 we 6:4 hasaplar bilen üstün çykmagy başardy.

Bu onuň karýerasynda 6-njy çempionlygy bolup, ol şu ýylyň dowamynda “Rim Masters” ýaryşynda-da ýeňiş gazanypdy.Asly rus bolan Zwerew ýarym finalda 18 ýaşyndaky kanadaly Denis Şapowalowdan üstün çykdy. Şapowalow bolsa, 3-nji tapgyrda Rafael Nadaly ýeňip, hemmäniň ünsüni özüne çekipdi. Şunlukda, Zwerew 2007-nji ýyldan bäri öňdäki 4 tennisçi Nadal, Jokowiç, Federer we Mýurreý dagyny hasaba almanyňda, bir möwsümde 2 “Masters” ýaryşynda ýeňiş gazanan ilkinji raketkaçy boldy.

Soňky sapar şeýle başarnygy öňdäki 4 tennisçiden başga argentinaly Dawid Nalbandian görkezipdi.“Rojers” kubogynyň Toronto şäherinde geçirilen zenanlaryň arasyndaky ýaryşynda ukrainaly Elina Switolina ýeňiş gazandy. 22 ýaşly tennisçi finalda daniýaly Karolina Wozniaskini 2:0 (6:4, 6:0) hasabynda ýeňlişe sezewar etdi.

Switolina 9-njy WTA çempionlygyny gazanyp, olam soňky sapar Zwerew ýaly “Rim Mastersde” kubogy asmana göteripdi.Ol şu ýyl “Dubaý Açykda-da” ýeňiş gazanypdy.

Ýene degişli makalalar

Nadalyň 8-nji, Switolinanyň 2-nji ýeňşi
Tennis täzelikleri
Daniil Medwedew ýene-de dünýäniň birinji raketkasy boldy
Jokowiç kuboklarynyň sanyny 95-e ýetirdi
“Pariž Masters”-iň 7-nji gezek ussady
Nadalyň yzly-yzyna 2-nji çempionlygy