25-nji kuboga ýene-de ýetmek başartmady

25-nji kuboga ýene-de ýetmek başartmady

“Awstraliýa Açykda” 10 çempionlygy bolan Nowak Jokowiç ilkinji gezek finalda ýeňlişe sezewar boldy.Ol 38 ýaş “Awstraliýa Açykda” finala çykan iň ýaşuly, şol sanda “Uly tuwalgalarda” finalda çykan iň ýaşuly 2-nji tennisçi hökmünde hasaba alyndy.

Jokowiç 81-nji gezek “Uly tuwalga” ýaryşyna gatnaşyp, bu ugurda Rojer Federer bilen Felisiano Lopesiň rekordyna şärik boldy. 21-nji gezek “Awstraliýa Açykda” çykyş edip, bu ugurda-da Federeriň rekordyny gaýtalan Jokowiç çärýek finalda “Awstraliýa Açykdaky” 103-nji ýeňşini gazanmak bilen Federeriň rekordyny täzeledi. 24 “Uly tuwalganyň” eýesi bolan Jokowiç 25-nji kubogy üçin çykan 2 finalynda-da ýeňildi.

Ol 24-nji çempionlykdan soň 5 gezek (4-si geçen ýyl) ýarym finalda garşydaşlaryndan asgyn geldi.

“Awstraliýa Açykda” 2013-nji ýyldan soň ilkinji gezek öňdäki 4 tennisçi-de ýarym finala çykmagy başardy.Jokowiç ýarym finalda soňky 2 ýylyň çempiony Ýannik Sinnerden üstün çykdy.

Alkaras bolsa germaniýaly Aleksander Zwerewi 5 sagat 27 minutlap dowam eden oýunda 5 setiň netijesinde ýeňlişe sezewar etdi.Bu duşuşyk ýaryşyň çäginde iň uzak wagtlap dowam eden 3-nji duşuşyk diýlip bellige alyndy.

Ýene degişli makalalar

Pariždäki ilkinji çempionlygy
“Uly tuwalga” kolleksiýasyny tamamlan iň ýaş tennisçi
Daniil Medwedew ATP-niň reýtinginiň başyna geçdi
Russiýaly tennisçi Medwedew dünýäniň birinji raketkasy boldy
Daniil Medwedew 13-nji iýunda dünýäniň birinji raketkasy bolar
Rolan Garrosdaky üstünlikli çykyş Nadaly dördünji, Ruudy altynjy orna göterdi