Rolan Garrosdaky üstünlikli çykyş Nadaly dördünji, Ruudy altynjy orna göterdi

Rolan Garrosdaky üstünlikli çykyş Nadaly dördünji, Ruudy altynjy orna göterdi

Fransiýanyň kortlarynda iki hepdeläp dowam eden Rolan Garros ýaryşyndan soň ATP täzelenen reýting sanawyny paýlaşdy.

Onuň ilkinji 10 basgançagynda bir topar özgerişlikler göze ilýär. Olaryň iň esasylarynyň biri hem 14-nji Rolan Garrosyny gazanan ispaniýaly tennisçi Rafael Nadalyň bir basgançak ýokary göterilip, dördünji orna çykmagydyr. Ýaryşyň finalçysy Kasper Ruud bolsa reýtinge Nadaldan hem gowy netije görkezip, sekizinjilikden altynjy basgançaga çenli ýokarlandy. Sanawyň başyny heniz hem serbiýaly ýyldyz Nowak Jokowiç çekýär.

Ine, şu günki ― 6-njy iýundaky ýagdaýa görä reýting sanawy:

1 (1) Nowak Jokowiç (Serbiýa) ― 8770;

2 (2) Daniil Medwedew (Russiýa) ― 8160;

3 (3) Aleksandr Zwerew (Germaniýa) ― 7795;

4 (5) Rafael Nadal (Ispaniýa) ― 7525;

5 (4) Stefanos Sisipas (Gresiýa) ― 6100;

6 (8) Kasper Ruud (Norwegiýa) ― 5050;

7 (6) Karlos Alkaras (Ispaniýa) ― 5005;

8 (7) Andreý Rublýow (Russiýa) ― 4260;

9 (9) Feliks Ože-Alýassim (Kanada) ― 3955;

10 (10) Matteo Berrettini (Italiýa) ― 3805.

Ýene degişli makalalar

Daniil Medwedew 13-nji iýunda dünýäniň birinji raketkasy bolar
Russiýaly tennisçi Daniil Medwedew 13-nji iýunda dünýäniň birinji raketkasy bolar
Ýarym asyrdan soň ilkinji gezek Uimblona dünýäniň birinji we ikinji raketkasy gatnaşmaz
Rolan Garros — 2023: Dünýäniň ikinji raketkasy birinji tapgyrda ýaryşdan çykdy
Rolan Garrosdaky ýarym finallara Nadal bilen Zwerew başlap berer
Rolan Garros finaly boýunça Nadalyň bäsdeşi belli boldy