Rolan Garrosdaky ýarym finallara Nadal bilen Zwerew başlap berer

Rolan Garrosdaky ýarym finallara Nadal bilen Zwerew başlap berer

Rolan Garrosyň ýarym final duşuşyklaryna şu gün badalga berler.

Uly tuwulgalaryň 21 gezek çempiony, dünýäniň ozalky birinji raketkasy Rafael Nadal ýarym finalda häzirki sanawyň üçünji basgançagynyň eýesi, germaniýaly tennisçi Aleksandr Zwerew bilen duşuşar.

Bu duşuşyk Aşgabat wagty bilen sagat 17:45-de başlanar.

Ikinji ýarym final duşuşygyny dünýäniň sekizinji raketkasy, norwegiýaly Kasper Rud bilen US Openiň 2014-nji ýyldaky ýeňijisi, horwatiýaly tennisçi Marin Çiliçiň arasynda geçiriler. Bu duşuşygyň Aşgabat wagty bilen agşam sagat 20:30-da başlanmagyna garaşylýar. Duşuşyklar Filipp Çatrýe adyndaky merkezi kortda geçiriler.

Nadal karýerasynda 13 gezek Rolan Garrosyň ýeňijisi bolupdy. Bu bolsa ýaryşyň rekordydyr.

Ýene degişli makalalar

Daniil Medwedew 13-nji iýunda dünýäniň birinji raketkasy bolar
Russiýaly tennisçi Daniil Medwedew 13-nji iýunda dünýäniň birinji raketkasy bolar
Rolan Garrosdaky üstünlikli çykyş Nadaly dördünji, Ruudy altynjy orna göterdi
Nowak Jokowiç ýedinji gezek Uimbldonyň ýeňijisi boldy
Rolan Garros finaly boýunça Nadalyň bäsdeşi belli boldy
Ýarym asyrdan soň ilkinji gezek Uimblona dünýäniň birinji we ikinji raketkasy gatnaşmaz