Rafael Nadal 14-nji gezek Roland Garros-da ýeňiş gazandy

Rafael Nadal 14-nji gezek Roland Garros-da ýeňiş gazandy

Ispaniýaly tennisçi Rafael Nadal Parižde tamamlanan “Uly tuwulga” ýaryşy Roland Garros 2022-niň ýeňijisi boldy. Ýekşenbe güni Nadal finalda norwegiýaly Kasper Ruudy utdy 6:3, 6:3, 6:0. Bu barada BBC News habar berýär.

36 ýaşly Nadal Professional tennisçileriň assosiasiýasynyň (ATP) reýtinginde bäşinji orny, 23 ýaşly Ruud bolsa sekizinji orny eýeleýär.Nadal Roland Garros-da gazanan ýeňşi boýunça rekord eýesi boldy, indi onuň hasabynda 14 titul bar.

Mundan başga-da, bu Nadalyň “Uly tuwulga” ýaryşlarynda ýekelikde 22-nji ýeňşi bolup, bu hem rekorddyr.Fransiýanyň Açyk çempionatyndan başga-da, ol iki gezek “Australian Open” we “Uimbldon” ýaryşlarynda, dört gezek US Open-de ýeňiş gazandy.

Roland Garros 2022-niň umumy baýrak gaznasy 43 mln 600 müň ýewro barabar. Ýeňiji 2 mln 200 müň ýewro alar.

Ýene degişli makalalar

Nowak Jokowiç ýedinji gezek Uimbldonyň ýeňijisi boldy
Rolan Garros — 2023: Swýontek ýene çempion
Russiýaly tennisçi Daniil Medwedew 13-nji iýunda dünýäniň birinji raketkasy bolar
Daniil Medwedew 13-nji iýunda dünýäniň birinji raketkasy bolar
Jokowiç Uly tuwulga ýaryşlarynda ýeňişleriniň sany boýunça rekord goýdy
Nadal pişekli hereket edýär