Nadal ― Ruud duşuşygy dünýäniň meşhur şahsyýetlerini özüne çekdi

Nadal ― Ruud duşuşygy dünýäniň meşhur şahsyýetlerini özüne çekdi

Toprak kortlaryň şasy Rafael Nadal bilen norwegiýaly Kasper Ruudyň arasynda geçirilen Rolan Garrosyň final duşuşygyna tomaşa etmek üçin dünýäniň meşhur şahsyýetleriniň birnäçesi Pariže ýygnandy.

Olaryň arasynda Ispaniýanyň Karoly Filipp VI hem bar. Ol duşuşykdan soň watandaşyny 14-nji Rolan Garros baýragy bilen gutlady. Bu pursat kameralardan hem sypmady.

Şeýle hem Norwegiýanyň şazadasy Hokon watandaşyny goldamak üçin Pariže geldi. Tomaşaçylaryň arasynda aktýorlar Maýkl Duglasa, Hýu Granta, futbolçylar Robert Lewandowski bilen Marko Weratta hem gözler ildi.

Ýene degişli makalalar

Daşary ýurt metbugatyna syn
“Visa” kompaniýasy startaplar üçin global maksatnamasyna badalga berýär
Daşary ýurt metbugatyna syn
Daşary ýurt metbugatyna syn
Çempionlar ligasy: bu gije PSŽ — Bawariýa, Portu — Çelsi duşuşar
Russiýanyň ÝB-niň Ýanyndaky Ilçisi Geňeşmeler Üçin Çagyryldy