Çempionlar ligasy: bu gije PSŽ — Bawariýa, Portu — Çelsi duşuşar

Çempionlar ligasy: bu gije PSŽ — Bawariýa, Portu — Çelsi duşuşar

Real — Liwerpul, Mançester Siti — Borussiýa Dortmund duşuşyklary bize ýatdan çykmajak pursatlary sowgat etdi. Eýsem, bu günki duşuşyklardan nämä garaşmak bolar?

Bawariýa-PSŽ

Bu gijäniň esasy wakasy hut şu duşuşyk bolar.Bu klublar öz aralarynda Çempionlar ligasynyň geçen ýylky möwsüminiň finalynda eýýäm güýç synanyşyp görüpdiler.Nemes klubundan bu gezekki oýna Robert Lewandowskiý gatnaşyp bilmez.

Gnabri bolsa, koronawirusa bolan položitel barlagy sebäpli oýundan çetleşdirildi.Parižlilere hem birnäçe ýyldyz oýunçylary kömek edip bilmez.Bernat möwsümiň başyndan bäri ýaryşa goýberilmedi, Paredes we Weratti bolsa şikesleri sebäpli oýna gatnaşyp bilmez.

Sarabiýanyň hem oýna gatnaşygy sorag astynda.Oňa derek Neýmar oýna girer.Statistika görä, Neýmar her 11 minutdan bir howply hüjüm döredip bilýär.

Portu-Çelsi

Bu klublaryň arasyndaky iki duşuşyk hem Sewilýadaky Ramon Sançes Pishuan stadionynda geçiriler. Çelsi şu möwsümde eýýäm bu stadionda oýnap görüpdi. Şol duşuşykda Oliwýe Žiru poker etmegi başardy.Bitarap stadiona garamazdan, meýdançanyň eýesi hökmünde Portu çykyş eder.

Belläp geçsek, myhmançylykda geçirilen pökgi düzgüni bu duşuşyga hem degişlidir.Duşuşykdan öňki ýagdaýlar. Çelsi portugal klublary bilen duşuşyklarynyň bütin taryhynda bary-ýogy üç gezek utuk ýitirdi. 13 duşuşyk, 11 ýeňiş, 1 deňme-deňlik, 2 ýeňliş. Üstesine, 1 deňme-deňlik we 1 ýeňliş hut Portudan.

Portugal klubundan esasy hüjümçi güýç — Serjiu Oliweýra oýna gatnaşyp bilmez.Emma janköýerleriň bagtyna Pepe ýene-de oýna dolanyp geldi.Londonlylarda Kante oýna gatnaşmaz.Ben Çiluel, Billi Gilmor hem oýnuň arzasyna goşulmady.

Duşuşyga Milan — Mançester Ýunaýted dawaly duşuşygynyň awtory Slawko Winçiç eminlik eder. Şol oýunda Kessiýeniň goly hasaba alynmandy.Köpler Portu çärýek finala çykyp, ýetip biljek aňry çägine ýetdi diýip hasaplaýarlar.

Emma Çempionlar ligasynda gowşak garşydaş bolmaýar ahyryn.Galyberse-de, Çelsi Angliýanyň çempionatynda aşaklarda barýan klubdan 5-2 hasabynda ýeňildi.Garaz, bu gije bize gyzykly gapma-garşylyk garaşýar.

Ýene degişli makalalar

Transfer täzelikleri
Dünýä Kubogyna 54 gün galdy
ÝEKE ÖZI BIR TOPARA DEGÝÄR
EUR0 2020-ä badalga berildi
EURO 2020 -niň SAÝLAMA TAPGYRY
DÖRT TOPAR ÝEŇLIŞSIZ BARÝAR