ÝEKE ÖZI BIR TOPARA DEGÝÄR

Finalyň geçiriljek stadiony bolan “Wanda Metropolitanoda” 20 ýeňen “Atletiko” myhmançylykda “Ýuwentusdan” 30 utuldy. Ýer eýeleriniň doly artykmaçlygynda geçen oýnuň gollarynyň 3-sini hem super ýyldyz Kristiano Ronaldo öz adyna ýazdyrdy. 34 ýaşyndaky ýyldyz oýunçy gollaryň 2-sini 27-nji we 48-nji minutlarda kelle bilen, 3-nji pökgüsini-de 86-njy minutda penaltiden derwezä girizdi. Şeýlelikde, umumy hasapda 3-2 öňe saýlanan “Ýuwentus” taryhynda 12-nji gezek çärýek finala çykdy.

Ronaldo bolsa özüniň 8-nji het-trigini edip, bu ugurda Messi bilen deňleşdi.Ol Çempionlar ligasyndaky gollarynyň sanyny 124-e ýetirdi.Ol “Atletikonyň” torundan 35 oýunda 25 gol geçirdi. Şeýle-de Ronaldo Çempionlar ligasynda 77-nji utulan-çykdy duşuşygynda 77-nji goluny derwezä girizdi.

“MANÇESTER SITINIŇ” 7 GOLY

Germaniýadan ýeňiş bilen (32) dolanan “Mançester Siti” öz meýdançasynda “Şalke” toparyny derbi-dagyn etdi. 7 gol geçiren iňlisler 3-nji gezek çärýek finala çykdy.Gollaryň 2-sini Aguero (35 p, 38), beýlekileri-de 3 goluň pasyny beren Sane (42), Sterling (56), Bernardo Silwa (71), Foden (78) hem-de Gabriel Žesus (84) tora ýollady.

Bu hasap Çempionlar ligasynyň taryhynda pleý-offlardaky iň uly aratapawut diýlip bellige alyndy.Iki oýnuň netijesi boýunça gazanylan 102 hasabyndaky ýeňiş hem bäsleşigiň rekordy boldy.

“LIWERPULDA” MANE BAR

Birinji oýunlarynda gol geçirilmedik 2 duşuşykda “Liwerpul” myhmançylykda “Bawariýany” 31, “Barselona” bolsa öz meýdançasynda “Liony” 51 ýeňdi.Geçen ýylyň finalçysy “Liwerpul” “Allianz Arenadaky” oýna erjel başlady. 26-njy minutda Rafinýa we Noýeriň säwliklerinden peýdalanan “Liwerpulyň” senegally hüjümçisi Sadio Mane hasaby açdy. 39-njy minutda Gnabriniň derwezä tarap topuny Joel Matip ýalňyşlyk bilen öz torundan geçirip, hasaby deňledi. 2-nji ýarymda ýer eýeleri oýny öz meýdançasynda kabul edip, hüjüm eden topar “Liwerpul” boldy. 69-njy minutda yzly-yzyna burçdan ýerine ýetirilen urgulardan soň, myhmanlaryň gollandiýaly goragçysy Wirgil Wan Deýk iňlisleri öňe saýlady. 84-nji minutda-da Mohammed Salahyň owadan pasyndan soň, topy kellesi bilen tora ýollan Mane duşuşyga soňky nokady goýdy. Şeýlelikde, “Liwerpul” 31 hasabynda ýeňip, Çempionlar ligasynda 7-nji, umumylykda-da 15-nji ýola çärýek finala çykdy. “Bawariýa” bolsa bassyr 7 ýyldan soň, ilkinji sapar çärýek finala çykyp bilmedi.

Duşuşykda “Bawariýanyň” derwezesini goran Manuel Noýer Çempionlar ligasyndaky 100-nji duşuşygyny geçirdi.Ol bu görkezijä ýeten 38-nji oýunçy, 6-njy derwezeçi boldy.

MESSI we ÝOLDAŞLARY

Fransiýadaky golsuz tamamlanan oýundan soň, “Barselona” öz meýdançasynda “Liondan” uly hasap bilen üstün çykdy. 18-nji minutda bellenen penaltini dürs uran Lionel Messi hasaby açdy. 31-nji minutda Koutinio hasaby 20-a ýetirdi. 58-nji minutda Lukas Tusar “Liony” umytlandyran goly geçirdi. Şondan soň, “Lion” 1015 minutlap şowly oýun görkezse-de, olara hasaby deňlemek başartmady. 78-nji minutda Messi, 81-nji minutda Jerard Pike, 86-njy minutda-da Usman Dembele katalonlara uly tapawutly ýeňiş gazandyran oýunçylar boldy.

Soňky 2 goluň hem pasyny beren Messi oýnuň iň ökde oýunçysy diýlip saýlandy. Şeýlelikde, bassyr 12-nji (öz rekordyny ösdürdi), umumylykda 18-nji sapar Çempionlar ligasynda (1992-nji ýyldan bäri) çärýek finala adyny ýazdyrdy. “Barselona” Çempionlar ligasynda 30 duşuşykdan bäri öz meýdançasynda ýeňilmän gelýär we bu ugurda “Bawariýanyň” rekordyny täzeledi.

Messi bolsa, Çempionlar ligasynyň çäklerinde “Kamp Noudaky” 61-nji duşuşygynda gollarynyň sanyny 62-ä ýetirdi.

Ýene degişli makalalar

FUTBOL BAÝRAMÇYLYGY DOWAM EDÝÄR
Şikesli oýunçylarynyň sany 7-ä ýetdi
Geçen möwsümiň iň gowy 25 futbolçysy, iň gowusy ...
Ýuwentus yzly-yzyna 10-njy, Bawariýa 9-njy çempionlygyna ymtylýar
“Bundesliganyň” täze möwsüminiň ilkinji duşuşygy “Türkmenistan Sport” teleýaýlymynda görkeziler
UEFA ýylyň toparyna 50 dalaşgäri yglan etdi