Daşary ýurt metbugatyna syn

Daşary ýurt metbugatyna syn

Al-Düstur (Iordaniýa): Ysraýyl soňky 2 hepdede palestinalylara degişli bolan 89 öýi ýumurdy.

Al-Kuds al-Arabi (Saud Arabystany-Britaniýa): Ysraýylyň Premýer ministri Binýamin Netanýahu, Iýerusalimdäki ofisinde Müsüriň ministrini kabul etdi. Kabul edilşikde Netanýahu, müsürli ministrden dosty Müsüriň Prezidenti Abdüfettah As-Sisä salam ýetirmegini isledi.

Al-Raýa al-Katariýýa (Katar): Katar, Frankofoni guramasyny goldamaga dowam eder.

Deutsche Welle: Koronawirus: Germaniýada wirusa ýolgýan adamlaryň sanyndaky artyş, alada döredýär.

Süddeutsche Zeitung: Germaniýada welaýatlar sanjym sanawyny üýtgetmek isleýär. Sanjymlaryň çagalar bagynda we başlangyç synp mekdeplerinde işleýänlere ilki bilen edilmegi meýilleşdirilýär.

Frankfurter Rundschau: ABŞ-nyň ozalky Prezidenti Donald Tramp, 2024-nji ýylda ýaňadandan Prezident saýlawyna gatnaşarmy? Öweý gyzy Lara Trampyň bu baradaky beýanaty gürrüňleri artdyrdy.

El Pais (Ispaniýa): Kataloniýadaky Polisiýa gullugynyň köçelerdäki aksiýalary dolandyrmak biçüwi, Kataloniýadaky durnuksyzlygy has ham dartgynlaşdyrdy.

La Jornada (Meksika): Werakruz ştatynda ýere gaçan Meksikanyň Harby-howa güýçlerine degişli uçarda 6 adam ýogaldy.

Klarin (Argentina): ABŞ Kowid-19 sebäpli 500 müňden geçen adam ýitgisi bilen, I we II Jahan urşlaryndakydan we Wýetnam söweşindäkiden has köp adam ýitirdi.

Gazeta.ru: ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýdeniň Milli howpsuzlyk boýunça maslahatçysy Jeýk Salliwan, ABŞ-nyň rus hakerleriň hüjümlerine jogap bermäge taýarlanýandygyny mälim etdi.

Izwestiýa Gazedi: Britaniýanyň Daşary işler ministri Dominik Raab, BMG-nyň Adam hukuklary geňeşinden Russiýadaky adam hukuklarynyň düzgün bozmalaryna reaksiýa bildirmegini islär.

RIA Nowosti: Slowakiýanyň Premýer ministri Igor Matowiç, Ministrler kabinetiniň mejlisiniň agzalaryndan Russiýa tarapyndan öndürilen Sputnik V sanjymynyň satyn alynmagyny çaltlandyrmaklaryny isledi.

Le Monde: Fransiýada polisiýa işgärlerine garşy edilýän jenaýatlar soňky 20 ýylda 2 esseden gowrak artdy.

Le Figaro: Mýanmadaky hunta demonstrantlaryň protestlerde ölüp biljekdigi barada duýduryş berdi.

Liberation: Koronawirusa garşy çäreler: Fransiýanyň günortasyndaky Nissa şäherinde syýahatçylyk pudagy howp astynda.

Ýene degişli makalalar

Tramp: ABŞ Eýran ýadro maksatnamasyny gaýtadan dikeltse hüjüm eder
Türkiye Somali bilen energiýa we howpsuzlyk babatda hyzmatdaşlyk eder
Eýran ABŞ-nyň soňky howplary barada HAEG-e hat iberdi
Welaýaty: Eýran halky birnäçe müň ýyllyk taryhynda öz topragynyň territorial bitewüligini gorady
Pakistan: Amerikanyň Eýrana garşy agressiw çemeleşmesi Kynçylyk döredýär
Eýranyň harby ýolbaşçysy: Trampyň we Netanýahunyň "hemlelerine" degişli gaýtawul görkeziler
Argentina ilçihanasyny Iýerusalime göçümek meýilnamasyny togtatdy